Çempionlar ligasy: PSŽ Realy, ManSiti Sportingi ýeňdi

Çempionlar ligasy: PSŽ Realy, ManSiti Sportingi ýeňdi

UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň birinji duşuşygynda Pari Sen-Žermen fransuz kluby öz meýdançasynda 1:0 hasap bilen Realdan üstün çykdy.

Parižliler oýnuň tutuş dowamynda diýen ýaly artykmaçlykdan peýdalansalar-da, hasaby oýnuň goşmaça wagtynyň soňky dördünji minudynda açdylar. Madrid klubynyň derwezesine ýeke-täk goly Kilian Mbappe geçirdi. Mbappe ikinji ýarymyň başynda kluby üçin 11 metrlik jerime hem gazanyp berdi, emma Tibo Kurtua Messiniň urgusynyň hötdesinden gelmegi başardy.

Ugurdaş duşuşykda Angliýanyň Mançester Siti kluby Lissabonda ýeňillik bilen Sportingden üstün çykdy. Iňlis klubynyň futbolçylary duşuşygyň eýýäm birinji ýarymynda bäş sany jogapsyz goluň dördüsini geçirdiler. Gollary Riýad Marez (7), Bernardu Silwa (17, 44), Filip Foden (32), Rahim Sterling (58) geçirdi.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
Derwezeçiniň goly Mouriniony ýaryşda saklady
UEFA Çempionlar ligasynyň 4-nji hepde duşuşyklary tamam boldy
Mançester Ýunaýted Çempionlar ligasyna çykmasa, Ronaldu klubdan gidip biler
Daşary ýurtlular üçin iň gowy şäherler belli edildi
UEFA Çempionlar ligasynyň 6-njy hepdesinde 6 duşuşyk geçirildi