Derwezeçiniň goly Mouriniony ýaryşda saklady

Derwezeçiniň goly Mouriniony ýaryşda saklady

UEFA Çempionlar Ligasynda Lissabonda oýnalan “Benfika” bilen “Real Madridiň” arasyndaky duşuşyk çekeleşikli ýagdaýda geçdi.Ussat tälimçi Žoze Mourinio öňki klubuna garşy ýeňiş gazanmagy başardy.Ispan topary Mbappeniň goly bilen hasaby açsa-da, Mourinionyň häzirki şägirtleri Şelderupyň (36, 54) hem-de Pawlidisiň (45+5 p) gollary esasynda 3-1 hasabynda öňe saýlandy. 58-nji minutda şu möwsümdäki 41-nji goluny salan Mbappe aratapawudy azaltsa-da, 90+8-nji minutda portugal toparynyň ukrainaly derwezeçisi Anatoliý Trubiniň kelle urgusyndan geçiren goly ýer eýeleriniň sanawdaky ornuna uly täsir etdi. Şol goluň saýasynda “Benfika” -2 gol aratapawudy bilen pleý-offa ýollanma berýän iň soňky orny, 24-nji ýeri eýeledi. 8 oýnuň 3-sinde utulan “Real Madrid” topary ilkinji 8-lige düşüp bilmän, 9-njy orna mynasyp boldy we 1/8 finala düşmek üçin pleý-off duşuşyklaryny geçirmeli bolar.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
16 duşuşyk 48 gol
UEFA Çempionlar ligasynyň 4-nji hepde duşuşyklary tamam boldy
Mançester Ýunaýted Çempionlar ligasyna çykmasa, Ronaldu klubdan gidip biler
Daşary ýurtlular üçin iň gowy şäherler belli edildi
UEFA Çempionlar ligasynyň 6-njy hepdesinde 6 duşuşyk geçirildi