UEFA ÇL: 1/8 final tapgyrynyň nobatdaky aýgytly duşuşyklary geçiriler

UEFA ÇL: 1/8 final tapgyrynyň nobatdaky aýgytly duşuşyklary geçiriler

Futbol janköýerleriniň aglabasynyň ünsüni çekýän hem-de ynsan hakydalaryna taryhy pursatlary bagyş edýän futbol duşuşyklary gyzgalaňly dowam edýär.

Has takygy, bu günler UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň jogap duşuşyklary çärýek final tapgyrynda çykyş etjek toparlary ýüze çykarýar. Bu duşuşyklaryň nobatdakysy bolsa Madridiň Realy bilen PSŽ, Mançester Siti bilen hem Sporting toparlarynyň arasynda bolar.

Tomaşaçylar köpçüligini Aşgabat wagty bilen ýarygijeden soň 01:00-da başlanjak bu iki ugurdaş duşuşygyň birinjisi aýratyn gyzyklandyrýar. Öz meýdançasynda ýeke-täk gol bilen duşuşygy tamamlamagy başaran PSŽ üçin Santiago Bernabew stadionynda taryhy ýeňşi gazanmak ýeňil düşmese gerek. Lissabonda 0:5 hasaby bilen ýeňlen Sportingden bolsa hiç kim jadyly ýeňşe garaşýan däldir.

Häzirlikçe çärýek final basgançagyna çykan Liwerpulyň hem-de Bawariýanyň garşydaşlary bolup biljek toparlar bu günki oýunlardan belli bolar.

Çärýek final tapgyryny doly mälim etjek indiki duşuşyklar bolsa 2022-nji ýylyň 16-17-nji martynda geçiriler.

Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň nobatdaky duşuşyklarynyň we olaryň geçiriljek wagtynyň tertipnamasy:

Madridiň Realy (Ispaniýa) — Pari Sen-Žermen (Fransiýa) — 01:00; Mançester Siti (Angliýa) — Sporting (Portugaliýa) — 01:00.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

“Mançester Sitini” 4-1 ýeňen “Sporting” topary “Arsenaldan” 5-1 utuldy
Dýokereşiň het-trigi “Mançester Sitiniň” ýeňlişsiz seriýasyna soňky nokady goýdy
“Bawariýa”, “Barselona”, “Inter” bir toparçada UEFA Çempionlar Ligasynyň bijeleri çekildi
30-njy çempionlyk
ÝUNESKO boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň işi bilen bagly täze teklipler hödürlenildi
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady