“Mançester Sitini” 4-1 ýeňen “Sporting” topary “Arsenaldan” 5-1 utuldy

Mundan öňki tapgyrda “Mançester Sitini” öz meýdançasynda 4-1 hasap bilen ýeňen “Sporting” bu gezek “Arsenaldan” 5-1 hasabynda asgyn geldi. Lissabonda oýnalan duşuşykda “Arsenalyň” gollaryny Martinelli (7), Hawerts (22), Gabriel (45+1), Saka (65 p) hem-de Trossar (82) geçirdi. Ýer eýeleriniň ýeke-täk goluny bolsa 47-nji minutda Inasio öz adyna ýazdyrdy.

Geçen möwsümiň ýeňlişsiz tamamlan “Baýer” öz meýdançasynda “Red Bull Salsburgy” 5-0 hasap bilen ýeňip, garşydaşyny derbi-dagyn etdi. Wirtsiň 2 gol (8 p, 30) geçiren oýnunda beýleki gollary Grimaldo (11), Patrik Şik (61) hem-de Aleiks Garsiýa (72) derwezä girizdi.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
16 duşuşyk 48 gol
Mançester Ýunaýted Çempionlar ligasyna çykmasa, Ronaldu klubdan gidip biler
Daşary ýurtlular üçin iň gowy şäherler belli edildi
UEFA Çempionlar ligasynyň 6-njy hepdesinde 6 duşuşyk geçirildi
Ýewropa garaşylmadyk bahar geldi