“Arsenaldan” 100 göterimlik üstünlik

“Arsenaldan” 100 göterimlik üstünlik

UEFA Çempionlar Ligasynda liga tapgyrynyň 8-nji duşuşyklarynyň çäginde öz meýdançasynda “Kairat” toparyny hüjümçileri Gýokereş, Hawerts hem-de Martinelliniň gollary bilen 3-2 hasabynda üstün çykan “Arsenal”, liga tapgyrynda ähli duşuşygynda ýeňiş gazanan ilkinji klub boldy.

Duşuşykda “Kairatyň” gollaryny braziliýaly futbolçylar Žoržinio bilen Rikardinio geçirdi. “Kairat” topary şu möwsümde ýaryşyň çäginde “Arsenalyň” derwezesinden 2 gol geçiren ilkinji klub boldy.

“Monako” bilen “Ýuwentusyň” arasyndaky oýunda hasap açylmady. Soňky çempion PSŽ topary öz meýdançasynda “Nýukasly” ýeňmek başartmady. Witinýa bilen Willokyň garşylyklaýyn geçiren gollary esasynda oýun 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Duşuşykda Usman Dembele 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Ýene degişli makalalar

“The Best FIFA” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Sanawyň lideri üýtgedi, “Ýunaýted” uly hasap bilen ýeňildi
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
Ýaponiýa bilen Ispaniýa 1/8 finala çykdy, ýöne tasdanam…
UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
Şu gije Çempionlar Ligasyndaky soňky duşuşyklar geçiriler