Şu gije Çempionlar Ligasyndaky soňky duşuşyklar geçiriler

Şu gije Çempionlar Ligasyndaky soňky duşuşyklar geçiriler

Şu gije UEFA Çempionlar Ligasynda liga tapgyrynyň iň soňky duşuşyklary, ýagny 8-nji oýunlar geçiriler. Şol duşuşyklardan soň haýsy toparyň ýaryşy öňdäki 8-likde tamamlajakdygy, şol sanda 9-16-njy we 17-24-nji orunlary eýelejek klublar belli bolar.

Gysgaça aýdylanda, şu gije jüýjäniň sanaşylýan gijesi bolup, duşuşyklaryň ählisi-de Aşgabat wagty bilen ýarygijeden soň, 01:00-da başlanar.

Sanawy ilkinji 8-likde tamamlanlar 1/8 finala gönümel çykarlar. 7-nji oýunlardan soň “Arsenal” bilen “Bawariýa” bu hukuga eýe bolupdy. 9-24-nji orunlarda tamamlan toparlar 1/8 finala çykmak üçin pleý-off tapgyryny geçirmeli bolarlar. 9-16-njy orunlar pleý-off tapgyrynyň

8-nji tapgyryň iň esasy ünsi çekýän duşuşyklary hökmünde “Borussiýa Dortmund” “Inter”, PSŽ “Nýukasl”, “Benfika” “Real Madrid”, “Napoli” “Çelsi”, “Mançester Siti” “Galatasaraý” duşuşyklary öňe saýlanýar.

8-nji duşuşyklar (01:00)

Aýaks Olimpiakos

Arsenal Kairat

Monako Ýuwentus

Atletik Bilbao Sporting

Atletiko Madrid Bude-Glimt

Baýer Wilýarreal

Borussiýa Dortmund Inter

Klub Brýugge Marsel

Aýntraht Tottenham

Barselona Kopengagen

Liwerpul Garabag

Mançester Siti Galatasaraý

Pafos Slawiýa Praga

Pari Sen-Žermen Nýukasl

PSW Bawariýa

Ýunion Sent-Žilluaz Atalanta

Benfika Real Madrid

Napoli Çelsi

Ýene degişli makalalar

Çempionlar Ligasynda 4-nji duşuşyklar: “Liwerpul” “Real”, PSŽ “Bawariýa”, “Man. Siti” “Borussiýa D”
UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
Çempionlar Ligasynda ýylyň soňky oýunlary “Real” “Mançester Sitini”, “Inter” “Liwerpuly” kabul edýär
33 oýundan soň gol geçirdi, ýöne ýeňşe peýdasy bolmady
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Osimheniň het-trigi