UEFA Çempionlar Ligasynda ýylyň iň soňky duşuşyklary şu gije hem-de ertir geçiriler. Ýagny liga tapgyrynyň 6-njy duşuşyklary oýnalar.Tapgyryň iň öňe saýlanýan esasy duşuşy Madridde geçiriler.
Esasan hem “La Ligada” soňky 5 oýunda 1 ýeňiş gazanyp, üstün çykmakda azda-kände kynçylyk çekýän “Real Madrid” öz meýdançasynda “Mançester Sitini” kabul eder.Iki klub mundan öňem 14 gezek duşuşyp, ispanlar 5, iňlisler 4 duşuşykda ýeňiş gazandy.
Soňky 4 möwsüm yzly-yzyna pleý-off oýunlarynda gabatlaşan toparlaryň 5 duşuşygy deňlikde tamamlandy.
Tapgyryň ýene bir esasy duşuşyk Milan şäherinde “Inter” bilen “Liwerpulyň” arasynda bolar. Agyr günleri başdan geçirýän “Liwerpulda” tälimçi bilen arasyna tow düşen Mohamed Salah düzümden çykaryldy.
9-njy dekabr (sişenbe)
Kairat Olimpiakos (20:30)
Bawariýa Sporting (22:45)
Monako Galatasaraý (01:00)
Atalanta Çelsi (01:00)
Barselona Aýntraht (01:00)
Inter Liwerpul (01:00)
PSW Atletiko (01:00)
Ýunion Sent-Žilluaz Marsel (01:00)
Tottenham Slawiýa Praga (01:00)
10-njy dekabr (çarşenbe)
Garabag Aýaks (22:45)
Wilýarreal Kopengagen (22:45)
Atletik PSŽ (01:00)
Baýer Nýukasl (01:00)
Borussiýa Dortmund Bude-Glimt (01:00)
Klub Brýugge Arsenal (01:00)
Ýuwentus Pafos (01:00)
Real Madrid Mançester Siti (01:00)
Benfika Napoli (01:00)
