Çempionlar Ligasynda 4-nji duşuşyklar: “Liwerpul” “Real”, PSŽ “Bawariýa”, “Man. Siti” “Borussiýa D”

UEFA Çempionlar Ligasynda şu gün we ertir gije 4-nji duşuşyklar geçiriler. 2 günüň dowamynda oýnaljak 18 oýnuň arasyndan öňki çempionlaryň öz arasyndaky duşuşyklar şu gijeki “Liwerpul” “Real Madrid”, PSŽ “Bawariýa” hem-de ertirki “Mançester Siti” “Borussiýa Dortmund” duşuşyklary öňe saýlanýar.

Ýewropanyň gyş sagadyna geçmeginden soň duşuşyklaryň wagty ozalkylardan 1 sagat giç başlanýar. Ýagny günüň ilkinji 2 duşuşygy 22:45-de bat alsa, galan 6 duşuşyk ýarygijeden soň 01:00-da başlanar.

4-nji noýabr

Slawiýa Praga Arsenal (22:45)

Napoli Aýntraht (22:45)

Atletiko Madrid Ýunion Sent-Žilluaz (01:00)

Bude-Glimt Monako (01:00)

Ýuwentus Sporting (01:00)

Liwerpul Real Madrid (01:00)

Olimpiakos PSW (01:00)

PSŽ Bawariýa (01:00)

Tottenham Kopengagen (01:00)

5-nji noýabr

Pafos Wilýarreal (22:45)

Garabag Çelsi (22:45)

Aýaks Galatasaraý (01:00)

Klub Brýugge Barselona (01:00)

Inter Kairat (01:00)

Mançester Siti Borussiýa Dortmund (01:00)

Nýukasl Atletik Bilbao (01:00)

Marsel Atalanta (01:00)

Benfika Baýer (01:00)

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
Şu gije Çempionlar Ligasyndaky soňky duşuşyklar geçiriler
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Çempionlar Ligasynda ýylyň soňky oýunlary “Real” “Mançester Sitini”, “Inter” “Liwerpuly” kabul edýär
33 oýundan soň gol geçirdi, ýöne ýeňşe peýdasy bolmady
Osimheniň het-trigi