Az salym öň UEFA Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi.Bijä laýyklykda, sanawy 9-njy ýerde tamamlan “Real Madrid” bilen “Benfika” duşuşar.Iki topar liga tapgyrynda-da 8-nji duşuşyklarda gabatlaşypdy we portugal kluby 4-2 hasabynda ýeňipdi. “Interiň” bijesine bolsa Norwegiýanyň “Bude-Glimt” topary düşdi.
Soňky çempion PSŽ edil geçen möwsümdäki ýaly, pleý-off tapgyrynda ýene-de fransuz kluby bilen, “Monako” bilen 1/8 finala çykmak üçin göreşer.Geçen möwsümde PSŽ topary “Brest” toparyny uly hasaplar bilen ýeňip, ýaryşdan çykarypdy.
Şeýle-de, “Galatasaraýyň” bijesine “Ýuwentus” çykdy.
Pleý-off tapgyrynyň 1-nji duşuşyklary 17-18-nji fewralda, jogap oýunlary bolsa 24-25-nji fewralda geçiriler.
1/8 finalyň bijeleri bolsa 27-nji fewralda çekiler.
Pleý-off tapgyrynyň bijeleri:
Borussiýa Dortmund Atalanta
Olimpiakos Baýer
Galatasaraý Ýuwentus
Klub Brýugge Atletiko Madrid
Garabag Nýukasl
Monako Pari Sen-Žermen
Benfika Real Madrid
Bude-Glimt Inter
