Ýaponiýa bilen Ispaniýa 1/8 finala çykdy, ýöne tasdanam…

Katar 2022-de “E” toparçada tasdanam taryhy garaşylmadyk netijeler ýüze çykyp bilerdi.Toparçadaky 3-nji duşuşyklardan 4 toparyň hem ýaryşy dowam etdirmek mümkinçiligi bardy. 3-nji duşuşyklarda 3 utukly Ýaponiýa bilen 4 utukly Ispaniýa hem-de 3 utukly Kosta Rika bilen 1 utukly Germaniýa duşuşdy.

Inçe hasabatlaryň hasaplanylyp başlanan duşuşyklarynda adatça garaşylyşy ýaly Ýewropanyň wekilleri 1-nji ýarymda 1-0 öňe saýlandylar.Alwaro Morata Ispaniýany 11-nji, Serž Gnabri bolsa Germaniýany 10-njy minutda öňe çykardy. Ýöne bar bolan zatlar hem 2-nji ýarymda bolup geçdi. 2-nji ýarym başlap 3 minut geçensoň ýaponlar Doanyň goly bilen hasaby deňlediler.

Bu goldan 3 minut soňam Tanaka tapawutlanyp, ýaponlar öňe saýlandy.Bu golda topuň meýdançanyň daşyna çykyp-çykmandygy jedelli bolup, VAR topuň çykmandygy barada netijä geldi. Ýöne bu gol Dünýä Kubogynyň taryhyndaky jedelli gollaryň biri bolup galar.

GERMANIÝA BASSYR 2-NJI GEZEK

Beýleki bir tarapda-da, Kosta Rikanyň ýygyndysy 58-nji minutda Ýeltsin Tehedanyň gol bilen hasaby deňledi. Şu ýagdaýlarda Ýaponiýa bilen Ispaniýa çykýar. Ýöne 70-nji minutda jerime meýdançanyň içindäki başagaýlykdan soň derwezeçi Noýere degen top derwezä girdi we Kosta Rika 2-1 öňe saýlandy.

Bu ýagdaýda bolsa, Dünýäniň 2 läheňi, çempionlar Ispaniýa bilen Germaniýa üçin çempionat tamamlanýar we Ýaponiýa bilen Kosta Rika ýoluna dowam edýärdi.Emma 3 minutdan soň Kai Hawertsiň goly bilen hasaby deňlän nemesler 85-nji minutda ýene-de şol futbolçynyň goly bilen 3-2 öňe saýlanyp, iň bolmanda Ispaniýany ynjaltdy.

Oýnuň 89-njy minutynda-da Füllkrug hasaby 4-2-ä ýetirip, oýna soňky nokady goýdy.Beýleki duşuşykda-da ispanlara hasaby deňlemek başartmady.Netijede, Germaniýanyň bu ýeňşi Ispaniýanyň peýdasyna boldy.

Nemesleriň ispanlardan öňe saýlanmagy üçin birneme köpräk gol geçirmelidi. Şeýlelikde, Germaniýadan soň başga bir güýçli ýygyndy Ispaniýany hem ýeňen Ýaponiýa toparçada 1-nji ýeri eýeledi. 1-nji duşuşygynda Kosta Rika gol baryny ýagdyran ispanlar soňky 2 duşuşygynda ýeňiş gazanyp bilmese-de, şol geçiren 7 golunyň kömegi bilen toparçada 2-nji orny eýeledi we ýoluny dowam etdirmegi başardy.

Germaniýanyň ýygyndysy bolsa taryhynda ilkinji gezek yzly-yzyna toparçalardan çykyp bilmedi. Ýaponiýanyň ýygyndysy-da taryhynda ilkinji gezek yzly-yzyna 1/8 finala çykmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2022: Germaniýa toparçalaýyn tapgyrda ýaryşdan çykdy
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi
Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
Roýs, Draksler ýok, Müller, Hummels täzeden dolandy, Germaniýanyň düzümi belli boldy
4 toparyň hem 1/8 finala çykmak mümkinçiligi dowam edýär