Roýs, Draksler ýok, Müller, Hummels täzeden dolandy, Germaniýanyň düzümi belli boldy

EURO 2020-niň öňdebaryjy toparlaryndan Germaniýanyň ýygyndysynyň hem gutarnykly düzümi mälim edildi. “F” toparçada Fransiýanyň, Portugaliýanyň hem-de Wengriýanyň ýygyndylary bilen Germaniýanyň tälimçisi Ýoahim Löw ýygynda ýene-de Marko Roýsy, şol sanda Ýulian Draksleri, Ýulian Brandty, Niklas Şulsy, Jonatan Tahy çagyrmady.

Bawariýanyň ýaş oýunçysy Jamal Musiala bolsa milli toparda orun alan oýunçylaryň biri boldy. Şeýle-de Tomas Müller, Mats Hummels ýaly 2019-njy ýylda mundan soňky planynda bu oýunçylara orun ýok diýen köne ýyldyzlaryny hem täzeden çagyrdy. Žerom Boatengi bolsa sanawa goşmady.

DERWEZEÇILER: Manuel Noýer, Bernd Leno, Kewin Trapp

GORAGÇYLAR: Mats Hummels, Antonio Rüdiger, Mattias Ginter, Emre Jan, Niklas Süle, Lukas Klostermann, Marsel Halstenberg, Robin Koh, Robin Gosens, Kristian Günter

ÝARYMGORAGÇYLAR: Toni Kroos, Tomas Müller, Ýoşua Kimmih, Ilkaý Gündogan, Leon Goreska, Leroý Sane, Kai Hawerts, Florian Noaus, Jonas Hofmann, Jamal Musiala

HÜJÜMÇILER: Timo Werner, Serže Gnabri, Kewin Wolland

Ýene degişli makalalar

Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
Toparlaryň düzümleri belli bolup başlady
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
“Bawariýany” terk etjek ýyldyzlaryň sany artýar
UEFA Çempionlar ligasynda täze möwsümiň ilkinji duşuşyklary