Toparlaryň düzümleri belli bolup başlady

Ýene-de bir aýdanam az wagtdan başlanjak futbol boýunça 21-nji Dünýä Kubogynda çykyş edýän ýygyndylaryň tälimçileri toparlarynyň deslapky düzümini mälim edip başladylar.Düzgüne laýyklykda, tälimçileri 27-nji maýa çenli 3035 oýunçydan ybarat giňeldilen düzümi belli etmeli bolarlar.

Tälimçiler 23 oýunçydan ybarat takyk düzümi-de iň soňky gün bolan 4-nji iýunda FIFA-nyň garamagyna hödürlärler.Braziliýadyr Argentinanyň, Portugaliýanyň, Germaniýanyň, ýer eýesi Russiýanyň hem-de başga-da birnäçe ýygyndynyň tälimçileri deslapky düzümlerini yglan etdiler.

Hatda Braziliýanyň tälimçisi Tite Russiýa 2018-de çykyş etjek 23 oýunçynyň adyny, başgaça aýdylanda, gutarnykly düzümini eýýämden habar berdi.Olaryň arasynda köp wagtdan bäri şikesli Neýmaryň bardygyny hem belläliň.

Tite şikesi bolan Dani Alwes, şeýle-de “Çelside” 34 aýdan bäri meýdança çykmaýan Dawid Luiz, “ýuwentusly” Aleks Sandro ýaly oýunçylary çagyrmady.Argentinada-da tälimçi Horge Sampaoli “Tottenhemiň” ezber oýunçysy Erik Lamelany, PSŽ-den Hawier Pastoreni düzüme almady.

Germaniýanyň tälimçisi Löw bolsa, Mustafini, Wagneri, Gýotseni, Emre Jany düzüme çagyrmady.

Braziliýa (23 oýunçy): Allison, Kassio, Ederson; Tiago Silwa, Marselo, Miranda, Filipe Luis, Markinios, Danilo, Fagner, Pedro Žeromel; Kasemiro, Filippe Koutinio, Fernandinio, Paulinio, Fred, Renato Augusto, Willian; Duglas Kosta, Firmino, Gabriel Žesus, Neýmar, Taison. (Tälimçi: Tite).Germaniýa (27 oýunçy): Leno, Noýer, Ter Ştegen, Trapp; Boateng, Ginter, Hektor, Hummels, Kimmih, Plattenhardt, Rudiger, Sule, Tah; Brandt, Draksler, Goreska, Gündogan, Kedira, Kroos, Özil, Roýs, Rudi, Sane; M.

Gomez, Müller, Petersen, Werner. (Tälimçi: Ýoahim Löw).

Russiýa (28 oýunçy): Akinfeýew, Gabulow, Lunýow, Džanaýew; Ignaşewiç, Smolnikow, Kudrýaşow, Granat, Noýştadter, Semýonow, Kutepow, Rauş, M.Fernandes; Žirkow, Dzagoýew, Samedow, Golowin, Ýerohin, Çeryşew, Zobnin, Gazinskiý, Kuzýaýew, An.

Mirançuk, Taşaýew; Smolow, Dzýuba, Al.Mirançuk, Çalow. (Tälimçi: Stanislaw Çerçesow).Portugaliýa (35 oýunçy): Rui Patrisio, Beto, A.Lopes; B.Alwes, Pepe, Fonte, Soares, Guerreiro, Rolando, Neto, Antunes, Semedo, Kanselo, R.

Pereira, Mario Rui, Dias; Moutinio, Karwalýo, Žoao Mario, Andre Gomeş, B.Silwa, Adrien Silwa, M.Fernandeş, Newes, B.Fernandeş, Oliweira; Ronaldo, Nani, Kuarežma, Eder, Andre Silwa, Martins, Guedes, R.

Lopes, Paulinio. (Tälimçi: Fernando Santos).

Argentina (35 oýunçy): Romero, Kabalýero, Guzman, Armani; Merkado, Salwio, Maskerano, Otamendi, Pezzelýa, Fazio, Roho, Funes Mori, Taliafiko, Akunýa, Ansaldi; Lanzini, Senturion, Meza, Bilia, Pizarro, Enzo Perez, Banega, Lo Selso, Paredes, Battalýa, Di Mariýa, Pawon, Pablo Perez; Messi, Dibala, Perotti, Aguero, Higuain, Ikardi, Lautaro Martines. (Tälimçi: Horge Sampaoli).

Ýene degişli makalalar

Golaýda tälimçisini çalşan klublar
PSŽ bir ädim öňde
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
ABŞ Türkmenistandaky täze ilçisini tassyklamak baradaky meselä sereder
Ýewropada audiokassetalary öndüriji kärhana önümçiligi iki esse artdyrmakçy