PSŽ bir ädim öňde

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň 5-njisi hasaplanýan Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1-iň” täze möwsümi, 81-nji möwsümi-de 10-njy awgustda başlanar. Çempionatdaky 20 klubuň 14 sanysyna, başgaça aýdylanda, 70 göterimine ýerli hünärmenler tälim berýär.

Galan 6 tälimçiniň 2-siniň-de fransuz raýatdaşlygy bar.Çempionlygyň iň esasy we belki-de ýeke-täk dalaşgäri, şübhesiz, Parižiň PSŽ toparydyr.Unaý Emerini ugradyp, ýerine germaniýaly Tomas Tuheli tälimçilige bellän parižliler transfer möwsüminde diňe weteran Janluiji Buffony hataryna goşdy.

Motta, Pastore, Ben Arfa, Berçiçe ýaly oýunçylar bilenem ýoluny aýran klubuň iň esasy maksady köp ýyldan bäri arzuwlap ýören UEFA Çempionlar ligasynyň kubogyny asmana götermek.Elbetde, ýurtdaky çempionatdyr kubok ýaryşlarynyň-da iň esasy faworiti bolan PSŽ topary Neýmar, Mbappe, Kawani, Tiago Silwa, Werratti, Di Mariýa, Draksler, Dani Alwes bilen bir hatarda, ýaş oýunçylaryna uly ynam bildirýär.

Toparyň tomusda geçiren 5 ýoldaşlyk duşuşygynyň 2-sinde ýeňiş gazanyp, galan 3-sinde utulandygyny hem bellemek gerek.Tejribeli, ussat tälimçi Rudi Garsiýanyň ýolbaşçylygyndaky “Marsel”, geçen möwsümi 2-nji hatarda tamamlan, transfer möwsüminde-de birnäçe oýunçysyny elinden gideren “Monako”, Fekir, Depaý ýaly oýunçylaryň çykyş edýän “Lion” toparlary çempionlygyň beýleki dalaşgärleri diýlip görkezilýär.

Täzelikde bellenen Patrik Wieiranyň tälimçiligindäki “Nissa” toparynyň-da nähili başarnyk görkezjekdigine janköýerler şu wagtdan uly gyzyklanma bildirýär.“Ligue 1-iň” täze toparlary barada-da bellesek, olar aşaky liga giden “Troýa” bilen “Metsiň” deregine gelen “Stad de Reýms” bilen “Nim” toparlarydyr. “Reýms” 2 möwsümlik arakesmeden soň, “Ligue 1-e” dolanan bolsa, “Nim” 25 ýyldan soň, ýokary liganyň wekili bolmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TOPH gaz geçirijisiniň işlerini mart aýynda dowam etdirmek meýilleşdirilýär
Aşgabatda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Aşgabada sapar bilen gelen Owganystanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Aşgabatda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi