“Talyban” täze hökümeti yglan etdi

“Talyban” täze hökümeti yglan etdi

Owganystanda häkimiýeti ele alan “Talyban” hereketi ýurtda täze hökümetiň düzümini yglan etdi. Oňa Muhammad Hasan Ahund baştutanlyk eder. Bu barada hereketiň metbugat ýygnagynda habar berildi.

Öň ýurduň täze Ministrler Kabinetini döretmek iki gezek soňa goýlupdy. Munuň sebäbiniň Talyplaryň dünýä jemgyýetçiligi üçin kabul ederlikli inklýuziw dolandyryşy döretmek maksady bilen bagly bolandygyny habar beriş serişdeleri ýazýar.

Şunlukda Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň düzümindäki esasy wezipeleri aşakdylar eýeledi: hökümet başlygy Mohammad Hasan Ahund, onuň birinji orunbasary Abdul Gani Baradar, ikinji orunbasary Abdul-Salam Hanafi, daşary işler ministri Amir Han Mottaki, goranmak ministri Mohammad Ýakup, içeri işler ministri Anas Hakkani, medeniýet we habar beriş serişdeleri ministri Zabiulla Mujahid, maliýe ministri molla Eýadulla Badri, ykdysadyýet ministri Mohammad Hanif we aňtaw gullugy ministri Abdul Hak Wasik.

Ýene degişli makalalar

Kabulda TOPH taslamasynyň Owganystandaky böleginiň gurluşygynyň başlamagy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär
Türkmenistan Owganystan bilen iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Aragçi Pakistan bilen Owganystanyň arasyndaky dartgynlylygyň dowam etmegine alada bildirýär
Hindistan-Pakistan dartgynlylygy Türkmenistanyň iri energetika taslamasynyň geljegine kölege salýar
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar