Aragçi Pakistan bilen Owganystanyň arasyndaky dartgynlylygyň dowam etmegine alada bildirýär

Aragçi Pakistan bilen Owganystanyň arasyndaky dartgynlylygyň dowam etmegine alada bildirýär

Eýranyň daşary işler ministri ýekşenbe güni owgan kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we Yslamabat bilen Kabulyň arasyndaky soňky dartgynlyklar barada gürrüň etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi goňşy iki musulman ýurdy Pakistan bilen Owganystanyň arasyndaky dartgynlylygyň dowam etmegine alada bildirip, Eýran Yslam Respublikasynyň dartgynlygy azaltmak we iki goňşy ýurduň arasynda parahatçylygy ornaşdyrmak üçin islendik kömek we hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny yglan etdi.

Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki hem Eýran Yslam Respublikasyna hoşniýetliligi üçin minnetdarlyk bildirdi we Owganystanyň ok atyşlygy bes etmek we meseleleri diplomatiýa we gepleşik arkaly çözmek baradaky ygrarlylygyny nygtady.

Aragçi şeýle hem Owganystanyň daşary işler ministri bilen Eýranyň suw hukuklaryny üpjün etmek üçin özara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň zerurdygyny ara alyp maslahatlaşdy.

Ýene degişli makalalar

Kabulda TOPH taslamasynyň Owganystandaky böleginiň gurluşygynyň başlamagy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär
Türkmenistan Owganystan bilen iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
Taliban Owganystanyň täze hökümet düzümini belli etdi
“Talyban” täze hökümeti yglan etdi