Türkmenistan Talyban bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi

Türkmenistan Talyban bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi

Türkmenistanyň prezidenti Owganystandaky wagtlaýyn Talyban hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow: Owganystanda häkimiýetiň geçirilmegi we hökümet gurulmagy giň milli gepleşikleriň esasynda parahatçylykly geçiriler diýip umyt edýärin. Şol bir wagtyň özünde Berdymuhamedow, türkmen resmileriniň doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin goşant goşmak isleýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti şeýle-de özüniň bitaraplygyna bil baglap, Aşgabat beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazdan diňe parahatçylykly daşary syýasaty alyp barar diýdi.

Türkmenistanyň Kabuldaky Baş konsuly, Talyban Owganystany doly ele geçirenden soň, awgust aýynda Balh welaýatynda ýokary derejeli Talyban işgärleri bilen duşuşdy we gepleşikleriň dowamynda türkmen diplomaty owgan bilen türkmen halklarynyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklara ünsi çekdi.

Şeýle hem anna güni Türkmeniň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow Talybanyň Daşary işler ministrliginiň jogapkäri Amir Han Mottaqi bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky ykdysadyýeti we gatnaşyklary ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdy.

Ýene degişli makalalar

Kabulda TOPH taslamasynyň Owganystandaky böleginiň gurluşygynyň başlamagy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär
Türkmenistan Owganystan bilen iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Aragçi Pakistan bilen Owganystanyň arasyndaky dartgynlylygyň dowam etmegine alada bildirýär
TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
Taliban Owganystanyň täze hökümet düzümini belli etdi