Hekem kompaniýasy (Hekem, Hekem Audit we Adyl Hekem kärhanalaryny özüne birleşdirýär) Computer+ bilen hyzmatdaşlykda özüniň hekem.com.tm resmi saýtyny täzeledi.
Saýtda kompaniýa barada, Türkmenistanyň kanunçylygyny berk berjaý etmek bilen baglanyşykly alyp barýan iş ugurlary we işe bolan çemeleşmesi barada, şeýle hem halkara hil ülňülerine laýyklykda, ösen taktikalary we häzirki zaman tehnologiýalaryny aç-açan ulanmak arkaly islendik meselä professional taýdan gatnaşygy barada maglumatlar ýerleşdirilendir.
Ýörite bölümde Hekem kärhanalar topary tarapyndan hödürlenýän hyzmatlaryň her biri, şol sanda kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleri, gozgalýan we gozgalmaýan emläklere baha bermek, riýeltorlyk meseleleri, degişli hukuk maslahatlary we resminamalaryň resmi terjimesi barada jikme-jik maglumat berilýär.
Kompaniýanyň işi bilen öňden tanyşlar üçin saýtyň Täzelenmeler bölümi gyzykly bolar, bu ýerde audit, gozgalmaýan emläk satyn almak we satmak we beýleki ugurlar bilen baglanyşykly aktual mowzuklar boýunça makalalar we habarlar yzygiderli ýerleşdirilýär. Şeýlelikde, Hekem Audit HK ýaňy-ýakynda täze hyzmaty uzak aralykdan buhgalterlik goldawyny işe girizdi.
Hekem dürli hyzmatlary hödürleýän 20 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan ygtybarly we ökde hünärmenleriň toparydyr. Türkmenistanyň işewürleri aşakdaky ugurlar boýunça doly we ygtybarly goldaw alyp bilerler:
Hekem kompaniýasynyň ofisiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, 10 Ýyl Abadançylyk (öňki Moskowskaýa) köç., Altyn asyr söwda merkezi, 3-nji gat.
Telefonlar: (+993 12) 47 82 54, (+993 12) 47 81 15.
Elektron poçta: hekem.info@gmail.com
Şeýle-de okaň:
