GDA ýurtlarynyň alymlary we oba hojalyk bilermenleri Türkmenistanyň gallaçylyk pudagynda gazananlaryny bellediler

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde gallaçylyk pudagynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan maslahat geçirildi, oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikjleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara oba hojalyk kompaniýalarynyň, alymlaryň we oba hojalyk önümlerini öndürijileriň wekilleri, ýobaşçylary, bilermenleri, şeýle hem şu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Çäräniň öň ýanynda gurnalan sergide ýurdumyzyň seçgiçileriniň ýetişdiren däne-kösükli we gök ekinleriniň tohumlarynyň nusgalary görkezildi.Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanda ýetişdirilýän gallanyň görnüşleriniň, olaryň arasynda kleýkowinasy 34 göterime çenli Türkmenbaşy-1 gallasynyň, şeýle hem süýji burçuň, hyýarlaryň, garpyzyň, jöweniň, pomidoryň we kädiniň mümkinçiliginiň teswirlemesi bilen tanyşdylar.

Sergi bölümlerinde çörek-bulka önümleriniň giň görnüşleri, gaplanan birinji we ýokary görnüşli un, azyk senagatynyň beýleki önümleri goýlupdyr.

Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy ýurtlarynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, RYA-nyň akademigi Iwan Iwanowiç Kuzmin çäräniň hormatly myhmany boldy, ol Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge goşan goşandy üçin Bitaraplyk ordeni bilen sylaglandy.

I.Kuzmin aýak üstüne galýan türkmen ekarançylary gatlagynyň kemala gelmeginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatynyň uludygyny, onuň 12 ýyl mundan ozal tohumçylyk we seçgiçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky çagyryşa seslenendigini, ýurduň Arkalaşygyň giňişliginde tohumlary alyşmaklygy utgaşdyrmak işlerine işjeň gatnaşmagyna ýardam edendigini belledi.

2008-nji ýylda ýokary çörek bişiriliş hili bilen tapawutlanýan gallanyň tiz ýetişýän Batko we Ýubileýnaýa-100 görnüşleri synag üçin Türkmenistana ugradyldy.Olaryň ýokary hasyllylyk, kesellere, guraklyga we yssa durnuklylyk, ýetişdiriliş şertleriniň amatlaşdyrylmagyna seslenmek ýaly gymmatly sypatlarynyň toplumynyň ilki sebitlere görä ýetişdirmek we soňra seçgi işlerini geçirmek üçin örän ähmiýetlidigini bellemek gerek.

Tiz wagtdan, 2011-nji ýylda Türkmenistan gallany eksport edýän ýurtlaryň hatarynda girdi.

Biz ýurduň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen işjeň özara hereketi ýola goýduk. Seçgi barlaglarynyň netijeleriniň sanly maglumatlar binýadyny kemala getirmek, bäsdeşlige ukyplylylgyny ýokarlandyrmak, logistikany gowulandyrmak hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlarydyr. I. Kuzmin Arkalaşygyň ýurtlarynyň tohumçylygy üçin daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýurtlarymyzda öndürilmeginiň zerurlygynyň ýoklugyny, çünki ylmy işler we önümçilik üçin ähli zatlaryň bardygyny nygtady.

Bütinrussiýa şalyçylyk ylmy-barlag institutynyň direktory, oba hojalyk ylymlarynyň doktory, professor Sergeý Walentinowiç Garkuşa çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi we tehnologlar, agronomlar, oba hojalyk önümlerini öndürijiler we olary gaýtadan işleýän hünärmenler taýýarlanylýan ýokary okuw mekdebine gelendigine begenýändigini nygtady, talyplara okuwda üstünlikler arzuw etdi.

Russiýaly alym öz ýolbaşçylyk edýän gök ekinleriň, kartoşkanyň seçgisi bilen meşgullanýan, golaýda bolsa noýbanyň seçgi materiallaryny hem dikelden YBI-nyň işi barada gürrüň berdi.Institutda şalynyň 54 görnüşi saklanylýar, olaryň arasynda, hünärmenleriň pikirine görä, Türkmenistany gyzyklandyrjak Partnýor, Ropan, Hazar görnüşleri bar.

S.Garkuşa türkmen kärdeşlerini awgustyň ahyrynda geçirilýän Şaly meýdanynyň güni baýramyna çagyrdy we türkmen alymlary bilen gatnaşyklaryň dowam ediljekdigine umyt bildirýändigini nygtady.

Şýolkowo Agrohim Paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory, himiýa ylymlarynyň doktory, RYA-nyň akademigi Salis Dobaýewiç Karakotow ösümlikleri goramagyň himiýa serişdeleri BYBI-nyň şahamçasy bilen birleşdirilenden soň PJ-nyň taslamalarynyň ugurdaş ýörüteleşdirmäniň çäginden çykandygyny we gallanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri öz içine alýandygyny gürrüň berdi.

Gallanyň iş alnyp barylýan 17 görnüşiniň arasynda gurak ýerlere niýetlenenleri-de bar. Öz wagtynda ýokary belokly Moskowskaýa-56 gallasy Türkmenistanda synaglardan üstünlikli geçipdi.

Russiýaly myhman gallaçylary zähmet ýeňşi bilen gutlap: 1 million 650 müň tonna galla rekord netije.Ondanam köp hasyl alyp bolarmy?Gurak howa şertlerindäki çylşyrymly ekarançylygy göz öňünde tutaňda hem hünärmenler: hawa, ýöne munuň üçin ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan tohumlar, tehnologiýlaar we suw gerek diýip jogap berýärler -diýdi.

S.Karakotow şeýle hem Mary welaýatyna baryp görende gant şugundurynyň ekişine syn edendigini gürrüň berip, şunuň bilen baglylykda Şýolkowo Agrohim Paýdarlar jemgyýetiniň oba senagat toplumynyň bu pudagyny ösdürmek üçin sort binýadyny gowulandyrmaga taýýardygyny belledi. Şeýle hem türkmen kärdeşleri bilen galla ekinleriniň bakteriýaly we kömelek kesellerine garşy hereketleriň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, bu ugur ýerli şertlerde synagdan geçirmek üçin ösümlikleri goramagyň täze serişdelerini ibermäge taýýar russiýaly alymlaryň üns merkezindedir.

Günüň ikinji ýarymynda forumyň işi toparlaryň mejlilseri görnüşinde dowam etdirildi, olar TOHU-da, şeýle hem Oba senagat toplumynyň edara jaýynyň maslahatlar zalynda geçirildi. Çykyşlaryň, tanyşdyrylyşlaryň, ylmy habarlaryň onlarçasy boldy. Söhbetdeşligiň barşynda gallaçylygyň, görnüş synaglarynyň, oba hojalyk innnowsiýalarynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Agşam Garaşsyzlyk seýilgähiniň üsti açyk teatrynda şu ýylky galla oragynda üstünlik gazanan gallaçylar sylaglanyldy. 30 adamyň zähmet üstünligi Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Hormat hatlaryna we gymmatly sowgatlara mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Ylym we bilim
14.11.2019 | Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär
16.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Ylym we bilim
Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär
Ukrainanyň Tarapyna Geçen Rus Uçarmany Öldürildi
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary