XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary

Geçen hepdäniň anna güni Günorta Koreýanyň Phýonçhan şäherinde başlanan XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary ýokary depginde dowam edýär.Häzirki wagtda 1 hepdesi tamamlanan sport baýramçylygynda medallaryň sanawynda germaniýaly Olimpiýaçylar öňde barýar.

Olar 16-njy fewrala çenli geçirilen ýaryşlarda 9 altyn, 2 kümüş hem-de 4 bürünç medal gazandylar. 6 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medal alan norwegler 2-nji ýeri eýeleýär. 5 altyn medally Gollandiýa (5 kümüş, 2 bürünç) bilen ABŞ (1 kümüş, 2 bürünç), 34-nji orunlary paýlaşýarlar. Ýer eýeleri Günorta Koreýanyň wekilleri häzirlikçe 2 altyn medal gazanyp, 10-njy orunda barýarlar.

* Sanili sporty boýunça bäsleşikler tamamlanyp, 4 altyn medalyň 3-sini germaniýaly türgenler almagy başardy.Olar zenanlaryň arasyndaky ýekeleýin, jübütleýin hem-de toparlaýyn ýaryşlarda altyn medala mynasyp boldy.

Germaniýaly Natalie Geisenberger Soçiden soň, Phýonçhanda-da ýekelikde hem-de toparlaýyn ýaryşlarda altyn medal gazandy.Erkekleriň arasyndaky ýekeleýin bäsleşikde-de awstriýaly Dewid Gleirşer ýeňiji boldy.* Konkili typmak boýunça geçirilen ýaryşlarda 3 sany Olimpiýa rekordy goýuldy.

Erkekleriň arasynda bu sportuň öňdebaryjy ýurdy hasaplanýan Niderlandlaryň türgeni Swen Kramer 5000 metr ýaryşynda altyn medaly rekord dereje bilen gazandy.Bu onuň 3-nji Olimpiýa altyn medalydyr. 1500 metr ýaryşynda-da başga bir gollandiýaly Kýeld Nuis ýeňiş gazandy. 10000 metr bäsleşiginde bolsa, kanadaly Ted-Ýan Blumen Olimpiýa rekordyny täzeläp, altyn medalyň eýesi boldy.

Ol 5000 metr bäsleşiginde bolsa, 2-nji ýeri aldy.* Konkili typmak boýunça zenanlaryň arasynda 1000 metrde gollandiýaly Ýorin Ter Mors altyn medalynyň üstüne Olimpiýa rekordyny hem gazandy. 1500 metrde gollandiýaly Iren Wýust ýeňiş gazanyp, karýerasyndaky 5-nji Olimpiýa altyn medalyna mynasyp boldy. Şeýle-de 3000 metrde-de gollandiýaly Karleýn Ahtereke ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldi.

Ol watandaşlary Iren Wýust hem-de Antoinette de Ýongdan öňe saýlandy.* Snoubord ýaryşlarynyň sloupstaýl görnüşi boýunça erkekleriň arasynda amerikaly Redmond Jerard 87,16 utuk bilen ýeňiş gazandy.Ol XXI asyrda dünýä inip, gyşky Olimpiadada altyn medal gazanan ilkinji erkek türgen boldy.* Snoubord ýaryşlarynda zenanlaryň arasynda halfpaýp görnüşi boýunça amerikaly Hloe Kim 3-nji synanyşygynda 98,25 utuk toplap, altyn medala mynasyp boldy.

Asly Günorta Koreýadan bolan 17 ýaşly Kim gyşky Olimpiýa oýunlarynda 2000-nji ýyldan soň doglup, altyn medal alan ilkinji zenan türgen diýen ady eýeledi.* Snoubord ýaryşlarynyň sloupstaýl görnüşi boýunça zenanlaryň arasynda amerikaly Jeými Anderson Soçiden soň, Phýonçhanda-da altyn medala mynasyp boldy.

Ol 1998-nji ýyldan bäri Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynda bar bolan snoubord boýunça 2 altyn medal alan ilkinji zenan türgen diýen ady eýeledi.* Figuralaýyn typmak boýunça toparlaýyn ýaryşda 73 utuk toplan Kanadanyň ýygyndysy altyn, Russiýadan gatnaşýan Olimpiýaçylar kümüş hem-de amerikaly türgenler bürünç medala mynasyp boldy.

Russiýaly Ýewgeniýa Medwedewa ýekelikde görkezen gysga çykyşynda 81,06 utuk toplap, bu ugurdan Olimpiýa rekordyny goýdy.* Figuralaýyn typmak boýunça jübütleýin ýaryşda germaniýaly Aliona Sawçenko bilen Bruno Masso ikisi Olimpiadanyň çempiony boldy.

Bu ugurda Suý Wenszin bilen Han Sun (Hytaý) 2-nji, kanadaly Megan Dýuamel bilen Erik Redford 3-nji orny eýelediler.* Dag lyžasynyň kombinasiýa görnüşinde erkekleriň arasynda soňky ýyllaryň ussat türgeni awstriýaly Marsel Hirşer ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynda altyn medala mynasyp boldy. 6 gezek Dünýä Kubogynda çempionlyk gazanyp, slalomda has üstünlik görkezen 28 ýaşly Hirşerden soň, 23-nji orunlary fransiýaly lyžaçylar Aleksis Pentýuro bilen Wiktor Mýuffa-Žande eýeledi.* Dag lyžasynyň gigant slalom ýaryşynda zenanlardan amerikaly Mikaela Şiffrin ýeňiş gazandy.

Norwegiýaly Ragnhil Muwinkel 2-nji, italiýaly Federika Brinione 3-nji ýeri eýeledi. Şiffrin Soçide hem slalom ýaryşynda altyn medal alypdy.* Dag lyžasynyň daunhill görnüşinde erkekleriň arasynda norwegiýaly Aksel Lund Swindal altyn medala mynasyp boldy.

Wankuwer 2010-da 3 medal alan Swindalyň Olimpiýa medallarynyň sany 4-e ýetdi.Swindaldan soň, 2-nji orny watandaşy Hietil Ýansurd, 3-nji ýeri-de şweýsariýaly Beat Foýs eýeledi.* Körling boýunça garyşyk jübütleriň arasyndaky bäsleşigiň finalynda kanadaly Keýtlin Lous Jon Morris ikisi şweýsariýaly Ženni Perri bilen Martin Riosy 10:3 hasabynda ýeňdi.

Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde ilkinji gezek geçirilen bu garyşyk jübütleriň ýaryşynda Russiýadan gatnaşýan olimpiýaçylar 3-nji orna mynasyp boldy.Anastasiýa Brizgalowa bilen Aleksandr Kruşelniskiý ikisi Russiýanyň ýygyndysyna körlingde ilkinji Olimpiýa medalyny gazandyrdy.* Biatlon ýaryşlarynda 24 ýaşyndaky germaniýaly zenan Laura Dalmaýer 3 medal gazandy.

Ol sprint 7,5 kilometr hem-de yzarlamak 10 kilometr bäsleşiklerinde altyn medala, garyşyk 15 kilometrde-de bürünç medala mynasyp boldy.Olaryň soňky ikisinde-de kümüş medallary slowakiýaly Anastasiýa Kuzmina gazandy.

Garyşyk 15 kilometr ýaryşynda altyn medal şwesiýaly Hanna Ebergiňki boldy.* Fristaýlyň mogul görnüşinde erkekleriň arasynda kanadaly Mikael Kingberi altyn medala mynasyp boldy. 20112017-nji ýyllar aralygynda ähli Dünýä Kubogynda-da çempion bolan we Soçide kümüş medal alan 25 ýaşly türgen bu başarnygynyň üstüni Olimpiýa altyn medaly bilen ýetirdi.

Awstraliýaly Mett Grem 2-nji, ýaponiýaly Daiti Hara 3-nji orny eýeledi.* Fristaýlyň mogul görnüşinde zenanlaryň arasynda fransiýaly Perrin Laffron altyn, kanadaly Žýustin Dýufur-Lapuant kümüş, gazagystanly Ýuliýa Galyşewa bürünç medal gazandy.* Şort-trek ýaryşlarynda zenanlaryň arasynda italiýaly Arianna Fontana 500 metri 42,569 sekuntda geçip, altyn medala mynasyp boldy.

Bu ugurda gollandiýaly Ýara Wan Kerkhof 2-nji, kanadaly Kim Butin 3-nji ýeri eýeledi.* Şort-trek 1500 metr ýaryşlarynda erkekleriň arasynda ýer eýesi Günorta Koreýanyň türgeni Hýo-žun Lim altyn medal gazandy.

Gollandiýaly Sýinkie Knegt kümüş, Russiýadan gatnaşýan olimpiýaçylar toparynyň wekili Semýon Ýelistratow bürünç medala eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

Ukrainanyň Tarapyna Geçen Rus Uçarmany Öldürildi
“Amul Hazar 2018” türkmen sportunyň nobatdaky üstünligi
10.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
GDA ýurtlarynyň alymlary we oba hojalyk bilermenleri Türkmenistanyň gallaçylyk pudagynda gazananlaryny bellediler
TÜRKMENISTAN — AK BUGDAÝYŇ WATANY
Rus diplomaty: Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän etraplaryna YD wehim salýar