Bawariýa Germaniýanyň Kubogyna 20-nji gezek mynasyp boldy

Germaniýanyň Kubogyna Bawariýa futbol topary mynasyp boldy.Münhenliler Berlindäki Olimpiýa stadionynda oýnalan finalda Baýeri 4-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Bawariýa ýeňiş getiren gollary 16-njy minutda Dawid Alaba, 24-nji minutda Serge Gnabri, 59-njy we 89-njy minutlarda-da Robert Lewandowski derwezä girizdi.

Baýeriň gollaryny bolsa, 63-nji minutda Swen Bender, 90+3-nji minutda penaltiden Kaý Hawerts öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, Bawariýa Bundesligada 30-njy çempionlygyndan soň, kubok ýaryşynda-da 20-nji gezek ýeňiji boldy.

Ýene degişli makalalar

16 duşuşyk 48 gol
Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
DÇ-2022: Germaniýa toparçalaýyn tapgyrda ýaryşdan çykdy
Ýaponiýa bilen Ispaniýa 1/8 finala çykdy, ýöne tasdanam…
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi