Çempionlar Ligasynda 5-nji tapgyryň iň ökde oýunçysy mälim edildi

UEFA Çempionlar Ligasynda 5-nji duşuşyklar tamamlandy. UEFA tarapyndan “Real Madridiň” super ýyldyzy Kilian Mbappe tapgyryň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy. Fransiýaly hüjümçi toparynyň myhmançylykda “Olimpiakos” bilen geçiren duşuşygynda 4 gol saldy. Çekeleşikli geçen oýun 4-3 hasabynda ispan toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Mbappe tapgyryň iň ökde oýunçysy bolmak üçin het-trik eden PSŽ-li Witinýadan hem-de 2 gol salan afrikaly futbolçylar “Borussiýa Dortmundyň” hüjümçisi Serhu Girassiden hem-de “Marseliň” weteran futbolçysy Pier-Emerik Obameýangdan öňe saýlandy.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
IFFHS Günorta Amerika we Afrikada soňky onýyllygyň ýygyndylaryny saýlady
Southempton 8-0, Arsenal bilen Aston Willa 6-0 ýeňdi
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Ýyldyz oýunçy 10 ýyldan soň Fransiýa dolandy
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)