Southempton 8-0, Arsenal bilen Aston Willa 6-0 ýeňdi

Angliýanyň Liga Kubogy ýaryşynda 2-nji tapgyrynda ýeňiş gazanan toparlar uly hasaplar bilen garşydaşlaryny utdy. Çempionata soňky ýyllardaky iň şowsuz başlangyç eden Arsenal myhmançylykda West Bromwiç Albiony 6-0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda Pier-Emerik Obameýang 3 gezek tapawutlandy. Şeýle-de, Southempton topary myhmançylykda 4-nji liganyň wekili Nýuport Kaunti klubundan 8-0 üstün çykdy.Oýunda Elýunussi 3, Broža 2 gol geçirdi.

Aston Willa hem 4-nji liganyň topary Berrow klubunyň derwezesinden jogapsyz 6 pökgi girizdi.Gollaryň 3-sini Arçer, 2-sini El Gazi, beýleki birini-de Gilbert öz atlaryna ýazdyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Sanawyň lideri üýtgedi, “Ýunaýted” uly hasap bilen ýeňildi
“Liwerpul” bilen “Mançester Sitiniň” nobatdaky ýeňşi, “Arsenalyň” ilkinji ýeňlişi
Londondaky deňlikden soň “Mançester Siti” 1-nji orunda galdy
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
Mançesteriň reňki gyzyl
FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekildi