Ýyldyz oýunçy 10 ýyldan soň Fransiýa dolandy

Fransiýanyň “Marsel” topary gabonly ýyldyz hüjümçi Pier-Emerik Obameýangy düzümine goşdy.Fransuz topary 10 ýyldan soň “Ligue 1” çempionatyna dolanan 34 ýaşyndaky oýunçy bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Mundan öň Fransiýada “Dižon”, “Lill”, “Monako” toparlarynda 1 möwsümden kärendesine oýnan Obameýang 3 möwsüm “Sent-Etieniň” köýnekçesini geýdi. 2013-nji ýylda “Borussiýa Dortmunda”, 2018-nji ýylda-da “Arsenala” transfer bolan Obameýang 2022-nji ýylyň ýanwarynda “Barselona” aralaşdy.

Geçen tomusda-da “Çelsiniň” düzümine goşulan Obameýang ady agzalan klublarda 606 oýunda 304 gol geçirdi.Karýerasyna “Milanda” başlan tejribeli hüjümçi italýan klubunda 1 oýunda hem meýdança çykmdy.

Paýet topardan ugradyldy

Obameýang bilen şertnama baglaşan “Marsel” başga bir tejribeli futbolçysyny, toparyň kapitany fransiýaly ýarymgoragçy Dimitri Paýeti klubdan ugratdy. 2016/17 möwsüminden bäri “Marselde” çykyş edip gelýän 36 ýaşyndaky oýunçy 326 oýunda 78 gol geçirip, 95 asist etdi. “Marselde” 2 döwür çykyş eden Paýet ýurdunyň “AS Ekselsior” toparynda futbola başlap, ol “Nant”, “Sent-Etien”, “Lill” hem-de “West Ham” klublarynyň köýnekçelerini-de geýdi.

Ýene degişli makalalar

Ýeňlişsiz topar galmady
Fransuz kluby üçin garaşylmadyk netije
Fransiýaly ýyldyz futbolçy Braziliýa transfer boldy
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
“Mançester siti” we var
Mançesterlileriň şowly başlangyjy