100-nji duşuşygynda ýüzi gülmedi

Pep Guardiolonyň “Mançester Sitiniň” tälimçisi hökmünde Çempionlar Ligasyndaky 100-nji duşuşygynda şäherlilere ýeňiş gazanmak başartmady. Öz meýdançasynda “Baýer” bilen duşuşan “Mançester Siti” 2-0 hasabynda asgyn geldi.

Lewerkuzenlilere ýeňiş getiren gollary 23-nji minutda Alehandro Grimaldo bilen 54-nji minutda Patrik Şik geçirdi.Bu olaryň şu möwsümdäki ilkinji ýeňlişidir. “Mançester Siti” Çempionlar Ligasynyň çäginde 7 ýyldan soň, ýagny 23 oýundan bäri öz meýdançasynda ýeňilmän gelýärdi.

Fransiýada “Marsel” topary “Nýukasl” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda iňlis kluby Harwi Barnsyň 6-njy minutdaky goly bilen 1-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne fransuz topary 2-nji ýarymyň başynda weteran hüjümçisi Pier-Emerik Obameýangyň 4 minutda geçiren gollary esasynda ýeňiş gazanmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

UEFA Ýewropa ligasynda
33 oýundan soň gol geçirdi, ýöne ýeňşe peýdasy bolmady
“Mançester Sitini” 4-1 ýeňen “Sporting” topary “Arsenaldan” 5-1 utuldy
FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekildi
Ozalky Prezident we žurnalist ikinji tapgyrda