4-nji finalda ýeňiş gazandy

Germaniýanyň kubogy (DFB-Pokal) ýaryşynyň finalynda Dortmundyň “Borussiasy” bilen Frankfurtyň “Aýntrahty” duşuşdy.Deniz Aýtekiniň eminlik eden duşuşygynyň 8-nji minutynda Osman Dembele dortmundlylary öňe çykardy. 29-njy minutda-da Ante Rebiç hasaby deňledi. 67-nji minutda-da Pier-Emerik Obameýang bellenen penaltini dürs urup, toparyna ýeňiş getirdi. Şunlukda, yzly-yzyna 3 finalda utulan “Borussia Dortmund” dördünjisinde kubogy asmana göterdi.

Topar mundan öňem 1965-nji, 1989-njy we 2012-nji ýyllarda Germaniýanyň kubogyny gazanypdy. 74-nji sapar geçirilen Germaniýanyň kubogy ýaryşynyň finaly 1986-njy ýyldan bäri Berlindäki Olimpiýa stadionynda oýnalýar.

Ýene degişli makalalar

Finalyň ady: “Aýntrhat”“Borussia D.”
Ýyldyz oýunçy 10 ýyldan soň Fransiýa dolandy
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda deslapky oýunlar geçirildi
PSŽ “Barselonanyň” ýyldyzyny transfer etdi
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR