Transfer möwsümi tamamlandy

Neýmar we Pogba toparlarynda galdyTutuş tomusky transfer möwsümi Neýmaryň PSŽ-den “Barselona” ýa-da “Real Madride”, Mauro Ikardiniň “Interden” “Ýuwentusa” ýa-da başga kluba hem-de Pol Pogbanyň “Mançester Ýunaýtedden” “Reala” ýa-da “Ýuwentusa” transfer bolup-bolmajakdygy baradaky habarlar bilen geçdi diýseň ýalňyş bolmaz.

Bu habarlar transfer möwsüminiň ilkinji gününden tä soňky sekuntlaryna çenli dowam etdi.Netijede, şol ady agzalan 3 oýunçynyň diňe biri klubuny üýtgetdi.Ol hem geçen möwsümiň 1-nji ýarymynyň ahyrynda käbir meseleler sebäpli kluby “Interiň” esasy düzüminden daşlaşdyrylan Mauro Ikardi bolup, argentinaly hüjümçi PSŽ kluby bilen 1 ýyllygyna şertnama baglaşdy.

Beýleki ikisiniňki bolsa, häzirlikçe diňe gürrüň bolup galdy.Başgaça aýdylanda, olaryň başga klublara geçmegi belki-de gyşky transfer möwsümine galdy.Transfer möwsüminiň soňky günlerinde birnäçe oýunçy başga toparlara transfer boldy.

Ine, şolaryň käbirlerini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.IKARDI PSŽ-ni SAÝLADYFransiýanyň PSŽ topary “Interiň” argentinaly hüjümçisi Mauro Ikardini hataryna goşdy.Parižliler 26 ýaşyndaky hüjümçi bilen 1 ýyllyk ylalaşyk gazandy.

Topar Ikardiniň kärende tölegi hökmünde “Intere” 5 million ýewro berer.Gerek bolan ýagdaýynda-da indiki tomusky transfer möwsüminde 65 million ýewro pul töläp, ymykly transfer edip biler.PSŽ topary “Real Madridiň” kosta rikaly derwezeçisi Keýlor Nawas bilen hem 4 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Oýunçynyň bahasy 15 million ýewro diýlip kesgitlenildi.Tuheliň tälimçiligindäki klub fransiýaly derwezeçisi Alfonse Areolany-da “Real Madride” iberdi (kärendesine).Italiýanyň “Roma” topary “Arsenalyň” ermenistanly 30 ýaşyndaky ýarymgoragçysy Henrih Mhitarýany, “Mançester Ýunaýtediň iňlis goragçysy Kris Smollingi hem-de “Atletiko Madridiň” 31 ýaşly horwatiýaly hüjümçisi Nikola Kaliniçi 1 ýyllyk möhlet bilen kärendesine hataryna goşdy.

Romanyň çehiýaly hüjümçisi Patrik Şik bolsa, öňümizdäki möwsümi Germaniýanyň “RB Leipsig” klubunda (kärendesine) geçirer.“Serie A-nyň” öňdebaryjy klublaryndan “Napoli” ispaniýaly hüjümçi Fernando Llorenteni erkin agent ýagdaýynda 2 ýyllyk şertnama esasynda hataryna goşdy.

Napoli Gollandiýanyň PSW toparyndan bolsa, meksikaly 24 ýaşyndaky hüjümçi Hirwing Lozanony 42 million ýewro töläp, 5 ýyllyk şertnama bilen transfer etdi.Italiýanyň “Milan” topary-da transferiň soňky gününde portugaliýaly hüjümçisi Andre Silwany “Aýn- trahta” ugradyp, ornuna şol klubuň horwatiýaly hüjümçisi Ante Rebiçi hataryna goşdy.

Iki oýunçy-da täze klubunda 2 ýyllyk kärendesine oýnar. Şeýle-de “Milan” urugwaýly çep gyraky goragçy Diego Laşalty “Torino” toparyna kärendesine ugratdy.“Inter” topary “Mançester Ýunaýtediň” çilili hüjümçisi Aleksis Sançesi transfer etdi. 30 ýaşyndaky hüjümçi öňümizdäki möwsümde “Interde” oýnar (kärendesine). 2018-nji ýylyň ýanwarynda “Ýunaýtediň” düzümine goşulan Sançes mankunianlaryň hatarynda 32 oýunda 3 gol geçirdi.“Galatasaraý” topary Fransiýanyň “Monako” klubundan kolumbiýaly hüjümçi Radamel Falkaony tölegsiz hataryna goşdy.

Türk kluby 33 ýaşly hüjümçi bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşyp, oňa ýyllyk azyndan 5 million ýewro hak tölär.Fransiýanyň “Nissa” topary “Aýaksyň” 21 ýaşly daniýaly hüjümçisi Kasper Dolbergi 20 million ýewro transfer etdi.

Fransuz kluby bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşan Dolberg “Aýaksda” 78 oýunda 33 gezek tapawutlandy.“West Ham Ýunaýtediň” meksikaly hüjümçisi Hawier Hernandes karýerasyny Ispaniýanyň “Sewilýa” klubunda dowam etdirer. 31 ýaşly hüjümçi täze kluby bilen 3 ýyllyk şertnama gol çekişdi.Şalke-04” toparynyň ukrainaly ýarymgoragçysy Ýewgeniý Konoplýanka ýurduna dolandy. 27 ýaşyndaky oýunçy Doneskiň “Şahtýory” bilen 3 ýyla niýetlenen şertnama baglaşdy.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýa” Stambulda rekordlaryny täzeledi
SALAH we IKARDIDEN 4 GOL
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Ronaldo 400 gol geçiren ilkinji oýunçy
PSŽ, “Bawariýa”, “Mançester Siti” säwliksiz barýar
Sportuň taryhynda bu hepde