PSŽ, “Bawariýa”, “Mançester Siti” säwliksiz barýar

PSŽ, “Bawariýa”, “Mançester Siti” klublary 3-nji tapgyrda hem ýeňiş gazanyp, utuklaryny 9-a ýetirdiler.Bu tapgyrda 54 gol hasaba alyndy. 7 oýunda myhmanlar ýeňiş gazanyp, 2 duşuşyk hem deňlikde tamamlandy.

Bu tapgyrda iňlis klublarynyň 4-si hem ýeňiş gazanyp, olaryň 3-si uly hasap bilen garşydaşlaryndan üstün çykdy.Ispan klublarynyň 3-si ýeňiş gazanyp, 1-i deňme-deň oýnady.

Italýanlaryň hem 3 kluby garşydaşlaryny ýeňlişe sezewar etdi. 4 klub bilen wekilçilik edýän Germaniýanyň 2 kluby 3 utuk gazandy.Belgiýanyň klublary uly hasaply utulan bolsa, rus toparlary-da öňe saýlanandyklaryna garamazdan, 21 hasabynda ýeňildiler.Mbappe Messiniň rekordyny täzeledi“A” toparçada PSŽ myhmançylykda “Klub Brýuggeni” 50 hasabynda ýeňdi.

Gollaryň 2-sini Mauro Ikardi, 3-sini bolsa, Kilian Mbappe derwezä girizdi. Çempionlar ligasyndaky 15-nji goluny geçiren Mbappe bu görkezijä ýeten iň ýaş futbolçy boldy (20 ýaş 306 gün). Öňki rekord Lionel Messä degişlidi (21 ýaş 288 gün). “Real Madrid” bolsa, myhmançylykda Toni Kroosuň 18-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen “Galatasaraýdan” üstün çykyp, şu möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy.

Bu tapgyrda-da gol geçirip bilmedik “Galatasaraý” 3 oýundan soň, tapawutlanyp bilmedik ýeke-täk klubdur.

Lewandowski 5-nji orna geçdi“B” toparçadaky 2 duşuşykda hem 5 gol geçirildi.Mundan öňki tapgyrda “Bawariýadan” 72 asgyn gelen “Tottenham” öz meýdançasynda “Srwena Zwezda” toparynyň torundan jogapsyz 5 gol girizdi.

Gollary Harri Keýn (2), Hyn Min-son (2) hem-de Erik Lamela derwezä gönükdirdi.Garşylykly gollaryň geçirilen duşuşygynda-da “Bawariýa” myhmançylykda “Olimpiakosy” 32 hasabynda ýeňdi.Nemes toparynyň gollarynyň 2-sini Robert Lewandowski öz adyna ýazdyrdy.

Onuň Çempionlar ligasynda geçiren gollarynyň sany 58-e ýetip, ol gollandiýaly Ruud Wan Nistelrooýdan öňe saýlandy.Polşaly hüjümçi 60 golly Karim Benzemadan soň, 5-nji hatarda barýar. “C” toparçada ýaryşyň debýutanty “Atalanta” myhmançylykda Malinowskiniň goly bilen hasaby açdy. Ýöne 1-nji ýarym tamamlanmanka “Mançester Siti” Agueronyň gollary bilen öňe saýlanmagy başardy. 2-nji ýarymda-da Rahim Sterlingiň het-trigi iňlis klubuna uly hasaply (51) ýeňiş getirdi.

Doneskiň “Şahtýory” bilen Zagrebiň “Dinamo” toparynyň arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady (22). “D” toparçada “Ýuwentus” bilen “Lokomotiw” duşuşyp, oýun 21 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.Myhmanlar Alekseý Mirançugyň 30-njy minutdaky goly bilen öňe saýlandy.

Bu hasap oýnuň soňky 13 minudyna çenli dowam etdi. 77-nji we 79-njy minutlarda owadan urgulary ýerine ýetiren Paulo Dibala toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy.Beýleki duşuşykda “Atletiko Madrid” öz meýdançasynda “Baýeri” Alwara Moratanyň ýeke-täk goly bilen 10 hasabynda ýeňdi. “Baýer” topary edil “Atalanta” ýaly 3-nji tapgyrda-da ýeňlişe sezewar boldy.Messiniň nobatdaky rekordy“E” toparçadaky 2 oýunda-da myhmanlar ýeňiş gazanyp, häzirki çempion “Liwerpul” “Genki” 41, “Napoli” bolsa, “RB Salsburgy” 32 utdy. “Liwerpulyň” gollaryny Oksleýd-Çemberleýn (2), Mane hem-de Salah derwezä girizdi.

Beýleki oýunda bolsa ýer eýeleriniň adyndan Haland (2), “Napoliniň” adyndan hem Mertens (2) bilen Insinýe tapawutlandy. “F” toparçada “Barselona” myhmançylykda “Slawiýany” 21 ýeňdi.Oýunda 3-nji minutda hasaby açan Lionel Messi Çempionlar ligasynyň taryhynda toparçalarda yzly-yzyna 15 möwsümde gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.

Beýleki oýunda “Inter” kluby “Borussiýa Dortmund” toparyndan Lautara Martines we Kandrewanyň gollary bilen 20 üstün çykyp, ilkinji ýeňşini gazandy. “G” toparçada birmeňzeş hasapda tamamlanan oýunlarda “Leipsig” “Zeniti”, “Benfika” bolsa “Liony” 21 hasabynda ýeňdi. “H” toparçada “Çelsi” myhmançylykda ilkinji 2 oýnunda ýeňiş gazanan “Aýaksy” Miçu Batşuaýiniň 86-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen 10 utdy. “Lill”“Walensiýa” duşuşygynda ispan topary 63-nji minutda Çeryşewiň goly bilen 10 öňe saýlandy. Ýöne 90+5-nji minutda Ikone hasaby deňläp, “Lilli” ýeňlişden halas etdi.Toparçalardaky 4-nji oýunlar 56-njy noýabrda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Myhmançylykdaky toparlaryň üstünliginde geçen tapgyr
Sportuň taryhynda bu hepde
Toparlaryň düzümleri belli bolup başlady
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
UEFA MILLETLER LIGASYNDA 34-nji TAPGYRYŇ NETIJELERI
Inter Italiýanyň Super Kubogyna mynasyp boldy