“Milan” ýeňlişsiz ýeke-täk topar

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň 14-nji tapgyrynda sanawyň lideri “Milan” soňky minutlarda ýeňiş gazandy. Öz meýdançasynda “Lasiony” kabul eden “Milan” 10-njy minutda Rebiçiň, 17-nji minutda-da Hakan Çalhanoglunyň penalti goly bilen 20 öňe saýlandy. 27-nji minutda Immobileniň uran penaltisinden soň yzyna gaýdan topy Luiz Alberto derwezä gönükdirdi. 2-nji ýarymda-da, has takygy, 59-njy minutda Immobile hasaby deňledi.

Oýnuň 90+2-nji minutynda-da Hakan Çalhanoglunyň pasyndan soň, Teo Hernandes “Milana” ýeňiş getiren goly derwezä girizdi. Şeýlelikde, 14-nji oýnunda 10-njy ýeňşini gazanan “Milan” ýeňlişsiz liderligini dowam etdirmegi başardy.

Olar häzirki wagtda Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynda ýeňlişsiz barýan ýeke-täk topardyr. “Milan” “Serie A”-da 26 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. Şeýle-de “Milan” yzly-yzyna 16 oýundan azyndan 2 gol geçirip, bu ugurda 12-nji tapgyrda “Torinonyň” 72 ýyllyk rekordyny täzeläpdi. “Torino” 1948-nji ýylda yzly-yzyna 13 oýundan azyndan 2 gol geçiripdi. “Milan” topary ýene-de 3 oýunda azyndan 2 gol geçirse, onda olar bu ugurda Ýewropanyň TOP – 5 çempionatynyň çäginde “Barselonanyň” (18 oýun) hem 72 ýyllyk rekordyna täzelär.

“INTER” HEM ÝARYŞDAN GALANOK

“Serie A”-da 14-nji tapgyrda “Inter” myhmançylykda “Weronany” Lautara Martines hem-de Şkrinieriň gollary bilen 21 ýeňdi. “Napoli” 2 ýeňlişden soň, “Torino” bilen 1-1 deňme-deň oýnady. “Roma” hem öz meýdançasynda “Kaliariden” 3-2 üstün çykdy (Weretu 11, Jeko 71, Mançini 77 Žoao Pedro 59, 90+1 p). Öňdäki orunlara ymtylýan “Sassuolo” hem myhmançylykda 3-2 hasap bilen “Sampdoriýanyň” ýeňlişe sezewar etdi.

14-nji tapgyrdan soň, “Milan” 34 utuk bilen 1-nji, ondan 1 utugy az şäheriň başga bir kluby “Inter” 2-nji ýerde barýar. 3-nji basgançakdaky “Romanyň” 27 utugy bar.

Iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda Kristiano Ronaldo 12 gol bilen 1-nji orunda barýar. 2-3-nji orunlardaky Romelu Lukakunyň 11, Zlatan Ibrahimowiçiň 10 goly bar.

Çempionatda nobatdaky duşuşyklar 3-nji ýanwarda oýnalar.

The post “Milan” ýeňlişsiz ýeke-täk topar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ronaldu 36 ýaşady! Oňa öňde ýene nähili rekordlar garaşýar?
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Milan” ýeňlişsiz barýar, ýöne…
“Milan” 15 ýyldan soň çärýek finala çykyp bilmedi
Birinjilik ugrunda ýiti göreş
“Milan” "Barselonanyň" 72 ýyl öňki üstünligini gaýtalady