“Milan” 15 ýyldan soň çärýek finala çykyp bilmedi

Italiýanyň Kubogy ýaryşynda 1/8 finalyň oýunlaryna badalga berildi. “Inter” öz meýdançasynda “Parma” bilen duşuşyp, “Serie B”-de çykyş edýän garşydaşyny kynlyk bilen ýeňdi. 38-nji minutda Ýuriçiň goly bilen öňe geçen “parmalylar” 88-nji minutda Lautara Martinesiň goluny saklap bilmedi.

Goşmaça wagtda-da, has takygy, 110-nji minutda Françesko Açerbi “Intere” ýeňiş getiren oýunçy boldy.Bir günden soň oýnalan oýunda “Milan” öz meýdançasynda “Torinony” kabul etdi.Bassyr 3-nji möwsümde kubok ýaryşynda gabatlaşýan toparlaryň bu gezekki duşuşygynda ýeňiş turinlileriň tarapynda boldy.

Oýnuň esasy wagtynda hasap açylmady. 70-nji minutdan soň 1 oýunçy kem oýnan “Milan” 114-nji minutda garşylyklaýyn hüjümde Adoponyň goluna alaç tapyp bilmedi. Şunlukda, “Milan” topary kubok ýaryşynda 2008-nji ýyldan soň ilkinji gezek çärýek finala çykyp bilmedi. Şu gije Kubok ýaryşynda 1/8 finalyň ýene-de 2 duşuşygy oýnalar (“Fiorentina” “Sampdoriýa”, “Roma” “Jenoa”).

Galan 4 duşuşyk geljek hepdede geçiriler.

Ýene degişli makalalar

“Milan” ýeňlişsiz barýar, ýöne…
1100-nji gezek meýdança çykdy, Ronaldo toparyna ýeňiş getirdi
Birinjilik ugrunda ýiti göreş
“Serie A-nyň” täze möwsümi
“Milan” ýeňlişsiz ýeke-täk topar
“Milanam”, “Interem” ýeňdi, çempion soňky tapgyrda belli bolar