“Milan” ýeňlişsiz barýar, ýöne…

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da “Milan” topary 15-nji tapgyrda myhmançylykda “Benewentony” Frank Kessiniň (15 p) hem-de Rafael Leaonyň (49) gollary bilen 2-0 ýeňdi. 33-nji minutdan soň 1 oýunçy (Tonali gyzyl kart aldy) kem oýnan “Milan” çempionatda 27 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. 37 utuk bilen sanawda 1-nji hatarda barýan “Milan” yzly-yzyna 17 duşuşykda azyndan 2 gol geçirmegi başardy. 15 oýunda 11 ýeňiş gazanan “Milanyň” indiki tapgyrdaky garşydaşy “Ýuwentus” bolar. 16-njy tapgyryň çäginde oýnaljak bu oýun çarşenbe gününden penşenbe gününe geçilýän gije oýnalar.

Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 00:45-de başlanar. Çekeleşikli bolmagyna garaşylýan oýunda “Milanyň” ýeňlişsiz ýörişiniň dowam edip-etmezligi futbol janköýerleri içgin gyzyklandyrýar.

“Serie A”-da “Milanyň söbügini basyp barýan “Inter” öz meýdançasynda “Krotoneden” 6-2 üstün çykdy. Duşuşkda “Interiň” argentinaly hüjümçisi Lautara Martines het-trik etdi. 33 goluň geçirilen bu tapgyrynda “Atalanta” topary “Sassuolany” 5-1, “Napoli” myhmançylykda “Kaliarini” 41 hasabynda ýeňdi. “Atalanta”“Sassuolo” duşuşygynda Zapata, “Kaliari”“Napoli” oýnunda Zielinski 2 gol geçirdi.

“Serie A”-da 15-nji tapgyryň netijeleri:

Inter Krotone: 6-2

Spezia Werona: 0-1

Parma Torino: 0-3

Jenoa Lasio: 1-1

Fiorentina Bolonýa: 0-0

Kaliari Napoli: 1-4

Atalanta Sassuolo: 5-1

Roma Sampdoria: 1-0

Benewento Milan: 0-2

Ýuwentus Udineze: 4-1

The post “Milan” ýeňlişsiz barýar, ýöne… appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Serie A-nyň” täze möwsümi
“Milan” ýeňlişsiz ýeke-täk topar
Birinjilik ugrunda ýiti göreş
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler