Kembek eden “Milan” birinjiligini saklamagy başardy

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da öňdebaryjy “Milan” kembek bilen ýeňiş gazanyp, liderligini saklamagy başardy. 14-nji tapgyryň jemleýji oýnunda, myhmançylykda “Torino” bilen duşuşan rossonerililer eýýäm 17 minutda derwezelerinden 2 gol geçirtdiler.

Gollary 10-njy minutda Wlaşiç, 17-nji minutda-da Zapata geçirdi. Çempionatda 13 oýundan bäri ýeňilmän gelýän “Milan” 1-nji ýarym tamamlanmanka geçirden gollarynyň biriniň öwezini dolmagy başardy.Bu goly 24-nji minutda Rabio uzak aralykdan owadan urgy bilen öz adyna ýazdyrdy. 2-nji ýarymda başgaça oýun görkezen “Milanda” 66-njy minutda Pulişiç oýna girip, ol 67-nji minutda topy ilkinji galtaşmasynda tapawutlanyp, hasaby deňledi.

Amerikaly ýyldyz oýunçy 77-nji minutda ýene bir gol geçirip, toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Milan” soňky çempion “Napoli” bilen deň utukda bolup, birinjiligini saklamagyň hötdesinden geldi.

14-nji tapgyryň merkezi oýnunda “Napoli” öz meýdançasynda “Ýuwentusy” Rasmus Heýlunnyň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňdi. Turinlilerde Kenan Ýyldyzyň goly ýeňşe ýetmedi.

Şeýle-de, “Inter” topary öz meýdançasynda “Komo” toparyndan 4-0 hasabynda üstün çykdy. Gollary Lautara Martines, Markus Turam, Hakan Çalhanoglu hem-de Karlos Augusto geçirdi.

“Kaliariden” 1-0 (Gaetano 82) hasabynda asgyn gelen “Roma” topary bassyr 2-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

“Sassuolodan” 3-1 hasabynda utulan “Fiorentina” toparynyň entegem ýeňşi ýok.

14-nji tapgyryň netijeleri:

Sassuolo Fiorentina: 3-1

Inter Komo: 4-0

Werona Atalanta: 3-1

Kremoneze Leççe: 2-0

Kaliari Roma: 1-0

Lasio Bolonýa: 1-1

Napoli Ýuwentus: 2-1

Pisa Parma: 0-1

Udineze Jenoa: 1-2

Torino Milan: 2-3

Ýene degişli makalalar

“Serie A”-da öňdebaryjy toparlaryň iň kiçi hasaply ýeňişleri
“Serie A”-da liderlik gezegi “Milanda”
“Inter” ýyly lider tamamlar
“Inter”, “Milan” hem-de “Napoli” iň kiçi hasap bilen ýeňiş gazandy
“Serie A”-da ýene-de lider üýtgedi
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi