“Serie A”-da ýene-de lider üýtgedi

“Serie A”-da ýene-de lider üýtgedi

Italiýanyň çempionatynda ýene-de sanawyň lideri üýtgedi. Öz meýdançasynda “Sassuolony” ýeňip bilmedik “Milan” 2 hepdelik liderligini şäherdeşi “Intere” aldyrdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Milan” bilen “Sassuolo” toparlary 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady. “Milanyň” gollarynyň ikisini hem 19 ýaşyndaky Dawide Bertezagi geçirip, ol Maldiniden soň tapawutlanan iň ýaş goragçy boldy. “Jenoany” myhmançylykda Bissek hem-de Martinesiň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňen “Inter” 1-nji orna beýgeldi.

Soňky çempion “Napoli” myhmançylykda “Udinezeden” 1-0 hasabynda asgyn geldi. Ýer eýelerine ýeňiş getiren ýeke-täk goly 73-nji minutda owadan urgy bilen Ekkelenkamp öz adyna ýazdyrdy. “Ýuwentus” hem şol hasap bilen myhmançylykda “Bolonýany” ýeňlişe sezewar edip, turinlilere 3 gazandyran goly 64-nji minutda Kabal derwezä girizdi.

Leççe Pisa: 1-0 (Ştuliç 72),

Torino Kremoneze: 1-0 (Wlaşiç 27),

Parma Lasio: 0-1 (Noslin 82),

Atalanta Kaliari: 2-1 (Skamakka 11, 81 Gaetano 75),

Milan Sassuolo: 2-2 (Bertezagi 34, 47 Kone 13, Llorýante 77),

Udineze Napoli: 1-0 (Ekkelenkamp 73),

Fiorentina Werona: 1-2 (Unaý Nunýes 69 ö.d. Orban 42, 90+3),

Jenoa Inter: 1-2 (Witinýa 68 Bissek 6, Martines 38),

Bolonýa Ýuwentus: 0-1 (Kabal 64),

Roma Komo (şu gije, 00:45)

Ýene degişli makalalar

Kembek eden “Milan” birinjiligini saklamagy başardy
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
Ilkinji ýeňişler, ilkinji ýeňlişler
“Serie A”-da liderlik gezegi “Milanda”