Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi

Italiýanyň çempionatynda tapgyryň merkezi oýnunda “Inter” soňky çempion “Napolini” myhmançylykda 3-0 hasabynda ýeňdi. “Inter” toparyna ýeňiş getiren gollary Çalhanoglu, Barella hem-de Turam geçirdi. 2-nji ýerdäki “Ýuwentus” myhmançylykda “Monza” bilen duşuşyp, 2-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. 12-nji minutda Rabionyň goly bilen geçen “Ýuwentusyň” derwezesinden hasaby deňlän goly 90+2-nji minutda Karboni geçirdi. Ýöne bu goldan 2 minut soň “Ýuwentus” Gattiniň goly bilen 2-1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. “Milan” topary-da “Frozinone” toparyny Ýowiç, Pulişiç, Tomoriniň gollary bilen 3-1 hasabynda utdy. Ýowiç “Milandaky” ilkinji goluny geçirdi.

Paýtagt Rimiň wekilleri “Roma” myhmançylykda “Sassuolony” 2-1, “Lasio” bolsa “Kaliarini” 1-0 hasaplar bilen ýeňdi.

Monza Ýuwentus: 1-2 (Karboni 90+2 Rabio 12, Gatti 90+4),

Jenoa Empoli: 1-1 (Malinowskiý 37 Kanselieri 67),

Lasio Kaliari: 1-0 (Pedro 8),

Milan Frozinone: 3-1 (Ýowiç 43, Pulişiç 50, Tomori 74 Breşianini 82),

Leççe Bolonýa: 1-1 (Pikkoli 90+10 p Likoýannis 68),

Fiorentina Salernitana: 3-0 (Beltran 6 p, Sottil 18, Bonawentura 56),

Udineze Werona: 3-3 (Kabasele 16, Lukka 30, 72 Džuriç 37 p, Ngong 61, Anri 90+6),

Sassuolo Roma: 1-2 (Enrike 25 Dibala 76 p, Kristensen 82),

Napoli Inter: 0-3 (Çalhanoglu 44, Barella 62, Turam 85),

Torino Atalanta (4-nji dekabrda oýnalar)

Ýene degişli makalalar

Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
1-nji ýarymda “Milan”, 2-nji ýarymda “Inter”
Atalanta A seriýada asyryň rekordyny täzeledi
31 ýyldan soň
“Serie A-nyň” täze möwsümi