Myhmançylykdaky toparlaryň üstünliginde geçen tapgyr

Ýewropa ligasynda 1/16 finalyň 1-nji oýunlarynda myhmançylykdaky toparlar artykmaçlyk gazandy. 7 duşuşykda myhmançylykda çykyş eden klublar ýeňiş gazanan bolsa, 5 oýun deňlikde tamamlandy.Olaryň ikisinde-de hasap açylmady. Öz meýdançasynda üstün çykan toparlar hem iň pes hasaplar bilen ýeňiş gazandy. “BATE Borisow” güýçli garşydaşy “Arsenaly” 10 utmagy başardy.

Oýunda “Arsenalyň” fransuz hüjümçisi gyzyl kart aldy. Şol hasap bilen “Fenerbahçe” hem Russiýanyň “Zenit” toparyndan üstün çykdy. Ýeke-täk goly 21-nji minutda Islam Slimani derwezä girizip, 44-nji minutda “Zenitden” Robert Mak penaltini dürs urup bilmedi.

Milli çempionatynda kyn günleri başdan geçirýän “Çelsi” myhmançylykda “Malmöni” 21 ýeňip, janköýerlerini az-owlak begendirdi.Londonlylaryň gollaryny Barkli bilen Žiru derwezä girizdi.Italýan toparlarynyň 2-si myhmançylykda ýeňiş gazanan bolsa, “Lasio” öz meýdançasynda “Sewilýadan” 10 asgyn geldi (Ben Ýedder 22). Şol hasap bilen “Rapidi” utan “Inter” Wenadan ýeňiş bilen dolandy. “Interiň” goluny penaltiden Lautaro Martines öz adyna ýazdyrdy. “Napoli” hem myhmançylykda “Sürihden” Insinýe, Kallehon we Zielinskiniň gollary bilen 31 ýeňiş gazandy.

Ispan klublary “Walensiýadyr” “Wilýarreal” myhmançylykda oýnan duşuşyklarynda degişlilikde, “Seltigi” 20, “Sportingi” 10 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Walensiýanyň” gollaryny Çeryşew bilen Sobrino, “Wilýarrealyň” goluny bolsa, Pedraza tora saldy.Tapgyryň iň golly oýny bolan “Renn” bilen “Betisiň” duşuşygy 33 deňlikde gutardy.

Ukrain klublarynyň ikisiniň oýunlary birmeňzeş hasaplar bilen deňlikde tamamlandy (22). Ýagny “Olimpiakos”“Dinamo Kiýew”, “Şahtýor Donesk”“Aýntraht” duşuşyklarynda 4 gol geçirilse-de, ýeňiş gazanan bolmady.Türk topary “Galatasaraý” öz meýdançasynda “Benfikadan” 21 utulyp, ýaryşy dowam etdirmek mümkinçiligini azaltdy. “Slawiýa”“Genk”, “Krasnodar”“Baýer” duşuşyklarynda-da hasap açylmady. “Wiktoriýa Plzen” topary “Dinamo Zagrebi” Pernikanyň gollary bilen 21 ýeňdi.

Edil şonuň ýaly hasap bilen “Klub Brýugge” hem “Red Bull Salsburgdan” üstün çykdy.

“Fenerbahçe”—“Zenit”: 10 (Slimani 21), BATE—“Arsenal”: 10 (Drahun 45), “Galatasaraý”“Benfika”: 12 (Luýindama 54 — Salwio 27 p, Seferowiç 64), “Sporting”—“Wilýarreal”: 01 (Pedraza 3), “Lasio”—“Sewilýa”: 01 (Ben Ýedder 22), “Olimpiakos”—“Dinamo K.”: 22 (Hassan 9, Dias 40 — Buýalski 27, Werbiç 89), “Renn”—“Betis”: 33 (Hunou 2, Garsia 10 ö.d., Ben Arfa 45+3 p — Lo Selso 32, Sidnei 62, Laines 90), “Seltik”—“Walensiýa”: 02 (Çeryşew 42, Sobrino 49), “Şahtýor D.”—“Aýntraht”: 22 (Marlos 10 p, Taýson 67 — Hinteregger 7, Kostiç 50), “Wiktoriýa P.”—“Dinamo Z.”: 21 (Pernika 54, 83 — Olmo 41), “K.

Brýugge”—“RB Salsburg”: 21 (Denswill 64, Wesli 81 — Ýunuzowiç 17), “Rapid Wien”—“Inter”: 01 (Martines 39 p), “Slawiýa P.”—“Genk”: 00, “Sürih”—“Napoli”: 13 (Kololli 83 p — Insinýe 12, Kallehon 21, Zielinski 77), “Krasnodar”—“Baýer”: 00, “Malmö”—“Çelsi”: 12 (Kristiansen 80 — Barkli 30, Žiru 58).

Ýene degişli makalalar

Ispan toparlarynyň üçüsi 1/8 finala çykdy
Ispan toparlarynyň üçüsi 1/8 finala çykdy
6 topar ÝEŇLIŞSIZ BARÝAR
Ýewropa ligasy
PSŽ, “Bawariýa”, “Mançester Siti” säwliksiz barýar
7 topar 2-nji tapgyrda