6 topar ÝEŇLIŞSIZ BARÝAR

UEFA Ýewropa ligasynda 3-nji tapgyrdan soň, “Sürih”, “Red Bull Salsburg”, “Dinamo Zagreb”, “Arsenal”, “Aýntraht” hem-de “Çelsi” klublary utuklaryny 9-a ýetirdi. 3-nji oýunlarynda-da ýeňiş gazanan bu klublar nobatdaky 2-nji aýlawa çykmak ugrunda uly mümkinçilik gazandylar.“Sürih” güýçli garşydaşy “Baýeri” 32 hasabynda ýeňmegi başardy. “Salsburg” öz meýdançasynda “Rosenborgdan” 3 utugy 3 gol bilen aldy.

Gollaryň 2-sini Dabur derwezä girizdi.Trnawanyň “Spartagyny” myhmançylykda 21 ýeňen “Dinamo Zagreb” bu möwsümde şowly çykyş edýär. “Arsenal” myhmançylykda “Sportingden” üstün çykdy.Londonlylara Welbegiň 78-nji minutdaky goly ýeňiş üçin ýeterlik boldy. “Bundesliganyň” wekili “Aýntraht” 3-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazandy.

Frankfurtlylar Kipriň “Apollon” toparyny Kostiç we Halleriň gollary bilen ýeňlişe sezewar etdi.Londonyň başga bir wekili, kubogyň esasy dalaşgärlerinden “Çelsi” ýarymgoragçysy Loftus-Çigiň het-trigi bilen “BATE Borisowy” 31 hasabynda ýeňdi.

Beýleki käbir duşuşyklar barada aýdylanda, “Milan” öz meýdançasynda “Betisden” 21 asgyn geldi. “Wilýarreal” Wenanyň “Rapid” toparynyň torundan jogapsyz 8 pökgi girizdi.Iki güýçli toparyň “Marsel” bilen “Lasionyň” arasyndaky oýunda italýanlar ýeňşini baýram etdi.

Türk topary “Beşiktaş” hem Stambulda “Genkden” 42 hasabynda ýeňlip, janköýerlerini gynandyrdy.Bu kubogy iň köp alan topar “Sewilýa” öz meýdançasynda “Akhisarspory” 60 hasabynda derbi-dagyn etdi.Bu netije ýaryşyň iň uly hasaply ýeňişleriniň biri hökmünde hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Ispan toparlarynyň üçüsi 1/8 finala çykdy
Ispan toparlarynyň üçüsi 1/8 finala çykdy
ÝEWROPA LIGASY
Ýewropa ligasy
Myhmançylykdaky toparlaryň üstünliginde geçen tapgyr
“Fenerbahçe”, “Olimpiakos” toparlary üçin Çempionlar Ligasy tamamlandy