ÝEWROPA LIGASY

UEFA Ýewropa ligasynda-da soňky tapgyryň oýunlaryndan soň, 2-nji tapgyra çykan 24 klubuň hemmesi-de belli bolup, “Milan”, “Leipsig”, “Beşiktaş”, “Standard Liež”, “Astana”, “Reýnjers” ýaly klublar ýaryşdan çykdy.

Ady agzalan bu klublaryň 6-njy duşuşyklara çenli 2-nji tapgyra çykmak mümkinçilikleri bolup, olaryň käbirlerine deňlik hem ýeterlikdi. Şeýle-de soňky tapgyrda “Olimpiakosdan” 31 asgyn gelen “Milanyň” hem-de myhmançylykda “Akhisarspor” bilen deňme-deň oýnan “Standard Liežiň” 10 utuk toplabam ýaryşdan çykandygy aýratyn bellärliklidir. Ýewropa ligasynda 2-nji tapgyryň bijeleri-de 17-nji dekabrda çekiler.

6-njy duşuşyklaryň netijeleri:“A”: AEK“Baýer”: 15, “Ludogores”“Sürih”: 11; “B”: “Leipsig”“Rosenborg”: 11, “Seltik”“RB Salsburg”: 12, “C”: “Kopengagen”“Bordo”: 0-1, “Slawiýa Pr.”“Zenit”: 20; “D”: “Spartak Trnawa”“Fenerbahçe”: 10, “Dinamo Z.”“Anderleht”: 00, “E”: “Sporting”“Worskla”: 30, “Arsenal”“Garabag”: 10; “F”: “Dudelanž”“Betis”: 00, “Olimpiakos”“Milan”: 31; “G”: “Wilýarreal”“Spartak Moskwa”: 20, “Rapid Wien”“Reýnjers”: 10; “H”: “Marsel”“Apollon”: 13, “Lasio”“Aýntraht”: 12; “I”: “Beşiktaş”“Malmö”: 01, “Genk”“Sarpsborg”: 40; “J”: “Sewilýa”“Krasnodar”: 30, “Akhisarspor”“Standard”: 00; “K”: “Renn”“Astana”: 20, “Dinamo K.”“Ýablones”: 01; “L”: PAOKBATE: 13, “MOL Widi”“Çelsi”: 22.

Ýene degişli makalalar

GYSGA SETIRLERDE
UEFA Ýewropa ligasy
UEFA Ýewropa ligasy
6 topar ÝEŇLIŞSIZ BARÝAR
Super kuboklaryň eýeleri
Angliýada “Siti”, Fransiýada PSŽ