Ýewropa ligasy

Ýewropa ligasynyň-da 2-nji tapgyrynyň bijelerine seredenimizde, dartgynly we çekeleşikli bolmagyna garaşylýan duşuşyklaryň sany az däl. Çempionlar ligasynyň derejesindäki käbir klublaryň çykyş edýän ýaryşynda möwsümiň ahyrynda kuboga ymtylýan birnäçe toparlar bar.

Olardan “Çelsi”, “Arsenal”, “Napoli”, “Sewilýa”, “Inter”, “Benfika”, “Lasio” ýaly toparlary agzamak bolar. 2-nji tapgyryň bijelerine ser salsak, “Lasio” bilen “Sewilýanyň” arasyndaky duşuşyklar aýratyn ünsi çekýär. “Arsenal” BATE bilen, “Çelsi” “Malmö” bilen, “Inter” “Rapid Wien” bilen, “Napoli” “Sürih” bilen bije atyşdy. “Benfika” türkleriň “Galatasaraýy” bilen duşuşar. “Zenit” bilen “Fenerbahçe” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk hem janköýerlerde uly gyzyklanma döredýär. Ýewropa ligasynyň 1/16 finalynyň 1-nji oýunlary 14-nji fewralda, jogap duşuşyklary-da 21-nji fewralda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Myhmançylykdaky toparlaryň üstünliginde geçen tapgyr
UEFA Ýewropa ligasynda toparçalardaky 5-nji oýunlaryň netijeleri:
Ispan toparlarynyň üçüsi 1/8 finala çykdy
Ispan toparlarynyň üçüsi 1/8 finala çykdy
6 topar ÝEŇLIŞSIZ BARÝAR
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar