Milanyň ikinji çempionlygy

Ýewropanyň Çempion Klublarynyň Kubogy ýaryşynyň 14-nji möwsüminde 32 klub çykyş edýär. Olaryň 5-si, has takygy, Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň wekilleriniň özara bije çekişendikleri sebäpli UEFA nägileligini bildirip, ýaryşa gatnaşmakdan ýüz öwürýär. Ýaryş 1968-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda bat alyp, 1969-njy ýylyň 28-nji maýynda tamamlanýar.

1-nji tapgyrda Milan myhmançylykda Malmöden 21 utulsa-da, Pierino Pratiniň 2 gol geçiren jogap oýnunda 41 ýeňýär.Mançester Ýunaýted irland kluby Woterfordy 31 we 71 hasaplar bilen utýar. 2-nji duşuşykda Dennis Law 4 gezek tapawutlanýar.

Walur bilen Islandiýada golsuz deňme-deň oýnan Benfika öz meýdançasynda 81 ýeňiş gazanýar.Oýunda Torres 3 goly öz adyna ýazdyrýar.Real Madrid Kipriň AEL toparyny 2 ýerde-de 60 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar edýär.

Madriddäki duşuşykda Pirri 3 pökgini derwezä girizýär.Rumyniýanyň Stýaua topary öz meýdançasynda çehleriň Spartak Trnawasyny 31 ýeňýär. Çehler Ýosef Adamekiň het-trik eden oýnunda 40 ýeňiş gazanyp, 2-nji tapgyra ýollanma alýar.

Gündogar Germaniýanyň (Karl Zeiss Jena), SSSR-iň (Dinamo Kiýew), Polşanyň (Ruh Horjuw), Bolgariýanyň (Lewski Spartak) hem-de Wengriýanyň (Ferençwaroş) toparlary diňe Gündogar Ýewropa toparlarynyň arasynda bije çekişendigine nägilelik bildirip, ýaryşa gatnaşmaýarlar.

2-nji tapgyrda Milandyr Benfika duşuşyk geçirmezden çärýek finala çykýar.Myhmançylykda Rapid Wieni 10 ýeňen Real Madrid öz meýdançasynda 21 asgyn gelip, bäsleşigi dowam etdirip bilmeýär.Aýaks Fenerbahçe toparyny 2 ýerde hem 20 hasaplar bilen utýar. Ýaryşyň garaşylmadyk topary Spartak Trnawa finleriň Reipas Lahti toparyny uly hasaplar bilen ýeňýär.

Myhmançylykda 91, öz meýdançasynda-da 71 ýeňen çeh topary çärýek finala çykýar. 1-nji oýunda Şweç, 2-nji duşuşykda Dobiaş het-trik edýär.

Çärýek finalda Milan öz meýdançasynda Seltik bilen golsuz deňme-deň oýnasa-da, myhmançylykda Pratiniň ýeke-täk goly bilen ýeňýär.Aýaks bilen Benfikanyň arasyndaky duşuşyklarda her topar myhmançylykda 31 ýeňiş gazanýar.

Geçirilen 3-nji duşuşykda Aýaks 30 ýeňip, ilkinji gezek ýarym finala ýollanma alýar.Duşuşyklarda Ýohan Kroýff 3 gol geçirýär.Best (2) we Morganyň gollary bilen öz meýdançasynda Rapidi 30 ýeňen Mançester Ýunaýtede bu ýeňiş çärýek final üçin ýeterlik bolýar.

AEK Afinydan 2 oýnuň netijesi boýunça üstün çykan Spartak Trnawa 4-nji ýarym finalçy hökmünde hasaba alynýar.

AÝAKS ILKINJI GEZEK FINALA ÇYKÝAR

Ýarym finalda oýnalan 4 oýunda-da ýer eýeleri ýeňiş gazanýar.Netijede, 1-nji oýunlarda has köp golly ýeňiş gazanan toparlar finala çykýar.Milan öz meýdançasynda soňky çempion Mançester Ýunaýtedi Sormani we Hamriniň gollary bilen 20 utýar.

Jogap oýnunda Mançester Ýunaýted Çarltonyň ýeke-täk goly bilen utsa-da, bu olara ýeňiş üçin ýeterlik bolmaýar.Amsterdamda Kroýff, Swart hem-de Keizeriň gollary bilen 30 ýeňen Aýaks myhmançylykda Spartak Trnawadan 20 (Kuna 27, 49) utulýar.

ÝEWROPADA YZLY-YZYNA 2-nji KUBOK

Final duşuşygy Madriddäki Santiago Bernabeu stadionynda oýnalyp, oňa ýerli emin Hoze Mariýa Ortiz de Mendibil eminlik edýär.Duşuşyga 31782 janköýeriň tomaşa edendigi hasaba alynýar.Turuwbaşdan üstünlikli çykyş eden Milan 1-nji ýarymda 20 öňe saýlanýar.

Gollaryň 2-sini hem 7-nji we 40-njy minutlarda Pierino Prati derwezä girizýär.Ilkinji gezek finala çykan Aýaks 2-nji ýarymyň 60-njy minutynda Wasowiçiň penalti goly bilen az-owlak umytlanýar. Ýöne depgini has-da güýçlendiren Milan 67-nji minutda Sormaniniň, 75-nji minutda-da Pratiniň gollary bilen hasaby 41-e ýetirýär. Şeýlelikde, Milan 3-nji gezekki finalynda, 1963-nji ýyldan soň, 2-nji gezek yklymyň iň uly klub ýaryşynyň ýeňijisi bolýar.

Bir ýyl ozal Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynyň ýeňijisi bolan Milan UEFA-da bassyr 2-nji kubogyny asmana göterýär.

Ýene degişli makalalar

90 ýyllyk “La Liga”
Dünýäde iň meşhur moda brendi belli boldy
ÝB Belarussiýa özüniň howa giňişligini ulanmagyna rugsat bermez
Belgiýanyň ýygyndysy mälim edildi, doganlar Hazarlar düzüme çagyryldy
Dünýä çempiony, italiýaly ýyldyz futbolçy aradan çykdy
“The Guardian”: iň gowy 100 kitap