Täze kinolar

“Ýura eýýamynyň dünýäsi 2”

Režissýory: J.A.Baýona; Keşplerde: Kris Pratt, Bris Dallas Howard, Rafe Spall, Jastaýs Smit, Daniella Pineda, Jeýms Kromwell, Tobi Jons, Ted Lewin, B.D.

Wong, Isabella Sermon, Geraldin Çaplin, Jeff Goldblum; Prodýuserleri: Frank Marşall, Patrik Krowli, Belen Atienza; Ssenariçileri: Kolin Treworrow, Derek Konnolli; Kompozitory: Maýkl Jakkino; Öndüriji: “Universal Pictures”, “Amblin Entertainment”, “The Kennedy/Marshall Company”, “Legendary Pictures”; Paýlaýjy: “Universal Pictures”; Dowamlylygy: 128 minut; Görnüşi: ylmy-fantastik başdangeçirme; Ýurdy: ABŞ; Dili: iňlisçe; Býujeti: 180 million $.

1993-nji ýylda Stiwen Spilberg tarapyndan başy başlanan “Ýura eýýamynyň seýilgähi” filmleriniň dowamy hasaplanýan täze kinoda Krist Pratt, Bris Dallas Howard, Rafe Spall, Jastaýs Smit, Daniella Pineda, Jeýms Kromwell ýaly artistler dürli keşpleri janlandyrýar.

Olaryň käbiri 3 ýyl ozalky “Ýura eýýamynyň dünýäsi” filminde-de surata düşüpdi.Ispaniýaly J.A.Baýonanyň režissýorlyk eden täze filmi 128 minutlap dowam edýär.Býujeti 180 million dollara deň bolan film dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky prokatlardan 420 million dollardan gowrak girdeji toplady. 22-nji iýundan başlap, Demirgazyk Amerikadaky kinoteatrlarda görkezilip ugran filmiň 1,5 milliard dollara golaý kassa ýygymyny toplamagyna garaşylýar. “Ýura eýýamy dünýäsi” filmler toplumynyň 2-nji kinosy bolan bu ekran eseriniň 3-nji bölümi-de öňümizdäki ýyllarda tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler. Ýeri gelende aýtsak, 2015-nji ýyldaky 1-nji film prokatdan 1,672 milliard dollar girdeji ýygnapdy.Täze gurama döreden Kleýr adada galan bar dinozawry halas etmek üçin Owen Grediden kömek soraýar.

Ada baranlarynda bolsa, wakalar olaryň isleýşi ýaly bolmaýar…

“Täsin maşgala 2”

Režissýory: Bred Bird; Ses berenler: Kreýg T.Nelson, Holli Hanter, Sarah Wowell, Hak Milner, Samuel L.

Jekson, Bob Odenkirk, Katerina Kinar, Sofiýa Buş; Prodýuserleri: Jon Wolker, Nikol Paradis Grindl; Ssenariçi: Bred Bird; Kompozitory: Mihael Jiaççino; Öndüriji: “Walt Disney Pictures”, “Pixar Animation Studios”; Paýlaýjy: “Walt Disney Studios Motion Pictures”; Dowamlylygy: 118 minut; Görnüşi: 3D kompýuter animasiýasy, komediýa; Ýurdy: ABŞ; Dili: iňlisçe; Býujeti: 200 million $.Multfilm önümçiliginiň öňdebaryjysy “Pixar” kompaniýasy ozalky öndüren animasiýalarynyň dowamynyň ýene bir ekran eseri prokata çykdy.

Ilkinjisi 2004-nji ýylda tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirilen bu animasiýanyň täze nusgasyna hem Bred Bird režissýorlyk edýär. “Täsin maşgala 2” atly bu animasiýanyň gahrymanlaryna ýene-de Kreýg T.Nelson, Holli Hanter, Sarah Wowell, Hak Milner, Samuel L.

Jekson ýaly Golliwudyň tanymal artistleri ses berdi.Ssenarisi režissýoryň özüne degişli bolan animasiý üçin 200 million dollar çykdajy edildi.Ilkinji hepdesinde Demirgazyk Amerikanyň prokatlaryndan 180 million, umumylykda-da 260 million dollar gazanan multfilm 2 sagada golaý dowam edýär.

Uly-kiçi hemmäniň söýgüsini gazanan 14 ýyl ozalky multfilm 92 million dollara ekranlaşdyrylypdy.Prokatdan bolsa, 633 million dollar ýygnapdy.Bu gezek Bob däl-de, onuň aýaly Helen baş keşpde.

Bob bolsa, Wiolet we Deşe esewan etmek üçin öýde galmaly bolýar.Maşgalanyň iň kiçisiniň, ýagny körpejäniň özboluşly ukyplary welin, entek hiç kime mälim däl.Bu bolsa, Boby has-da aljyraňňy ýagdaýa salýar…

“Joralaryň toýy”

Režissýory: Şaşanka Ghoş; Keşplerde: Karina Kapur, Sonam Kapur, Swara Bhaskar, Şikha Talsania; Prodýuserleri: Anil Kapur, Rhea Kapur, Nikhil Dwiwedi, Ekta Kapur, Şobha Kapur; Ssenariçileri: Nidhi Mehra, Mehul Suri; Aýdym-saz topary: Şaşwat Saçdew, Waýt Noizi, Wişal Mişra, Karan (sözleri); Arijit Dutta (sazy); Öndüriji: “Balaji Motion Pictures”, “Anil Kapoor Films & Communication Network”, “Saffron Broadcast & Media”; Dowamlylygy: 135 minut; Görnüşi: komediýa, maşgala; Ýurdy: Hindistan; Dili: hindiçe; Býujeti: 6,3 million $.Bolliwudyň owadan aktrisalaryny bir ýere jemleýän bu romantik komediýa görnüşli kinony Şaşanka Ghoş surata düşürdi.

Filmde hindi kino sungatynyň ägirdi Raj Kapuryň agtygy, meşhur aktrisa Karina Kapur, şeýle-de tanymal aktýor Anil Kapuryň gyzy Sonam Kapur, Swara Bhaskar we Şikha Talsania dagy baş keşplerde çykyş etdi.

Halk köpçüliginiň uly söýgüsini gazanan filmiň ssenarisini Nidhi Mehra bilen Mehul Suri bilelikde ýazdy.Filmde 4 sany joranyň hakyky söýgini tapmak üçin başdan geçiren wakalary dogrusynda gürrüň berilýär. “Joralaryň toýy” atly bu film häzirki wagtda-da prokatlarda görkezilmegini dowam edýär.

Kino 20 günüň dowamynda 20 million dollardan gowrak girdeji gazandy.

Ýene degişli makalalar

Hepdäniň täze animasiýalary
Tom Kruz üçin ýerine ýetirip bolmajak missiýa ýok (Hepdäniň täze filmi)
Supermeniň iti, Betmeniň tazysy, Wonder Women-iň kengrusy, Fleşiň pyşbagasy…
Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
Gülgün reňkli Barbi
Tom Kruz köne başdan geçirmäni ýatlaýar