Hepdäniň täze animasiýalary

Mundan 5 ýyl öň prokata çykan “Möý adam: möý äleminde” atly animasiýanyň dowam bolan “Möý adam: möý älemine geçiş” animasiýasyna Hoakim Dos Santos, Kemp Powers, Jastin K.

Tompson agy režissýorlyk edýär. 140 minutlap dowam edýän animasiýanyň býujeti 100 million dollara deň bolup, bu ekran eseri 2-nji iýundan bäri görkezilip gelinýär we 400 million dollardan köp kassa ýygymyny toplady.

Animasiýanyň gahrymanlaryna Şameik Mur, Haili Steinfeld, Braýan Taýri Henri, Luna Lauren Weles, Jeýson Şwartsman ýaly artistler ses berdi.Animasiýadaky wakalar birnäçe älemleriň çägindäki alternatiw älemde bolup geçýär.Radioaktiw möý tarapyndan çakylan Maýlz Morales başga äleme ädim ädýär.

Ol bu ýerde öňküsinden has ökde hereketleriň ussady bolýar.Soňlugy bilen, oňa täze başdan geçirmeler garaşýar.Ençeme Möý adam ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýji bolan täze duşmana garşy göreş alyp barmaly bolýarlar.

Ady: “Möý adam: möý älemine geçiş” (Spider-Man: Across the Spider-Verse)

Režissýory: Hoakim Dos Santos, Kemp Powers, Jastin K. Tompson

Ssenariçi: Fil Lord, Kristofer Miller, Deýw Kallaham (Marvel Comics-iň komiksleri esasynda)

Prodýuseri: Fil Lord, Kristofer Miller, Emi Paskal, Awi Arad, Kristina Steinberg

Ses berenler: Şameik Mur, Haili Steinfeld, Braýan Taýri Henri, Luna Lauren Weles, Jeýk Jonson, Jeýson Şwartsman, Issa Rae, Karan Soni, Şi Wigam, Greta Li, Daniel Kaluuýa, Maherşala Ali, Oskar Aýzaak

Kompozitory: Daniel Pemberton

Öndüriji: “Columbia Pictures”, “Sony Pictures Animation”, “Marvel Entertainment”, “Arad Productions”, “Lord Miller Productions”, “Pascal Pictures”

Paýlaýjy: “Sony Pictures Releasing”

Dowamlylygy: 140 minut

Görnüşi: animasiýa, ylmy-fantastik, uruşly

Ýurdy: ABŞ

Dili: iňlisçe

Býujeti: 100 million $

“PIXAR”-yň täze ekran eseri

Dünýä belli animasiýa öndüriji “Pixar” studiýasynyň täze önümi bolan “Elemental” multfilmine Piter Son režissýorlyk etdi.Animasiýanyň gahrymanlaryna Lea Lýuwis, Mamodu Ati, Ronni del Karmen, Şila Ommi, Wendi MakLendon-Kowi dagy ses bermäge gatnaşdylar. 109 minutlyk dowamlylygy bolan multfilmiň býujeti 200 million dollara deňdir.

Berni hem-de Sinder Lumeniň Elementler şäherine göçüp gelmeginden soň, elementleriň arasyndaky wakalar barada söhbet açylýar.

Ady: “Elementler” (Elemental)

Režissýory: Piter Son

Ssenariçi: Jon Hoberg, Kat Likkel, Brenda Hsue,

Prodýuseri: Denis Rim

Ses berenler: Lea Lýuwis, Mamodu Ati, Ronni del Karmen, Şila Ommi, Wendi MakLendon-Kowi, Katerin O’Hara, Meýson Werthaýmer, Jou Pera, Matt Ýang King

Kompozitory: Tomas Nýuman

Öndüriji: “Walt Disney Pictures”, “Pixar Animation Studios”

Paýlaýjy: “Walt Disney Studios”

Dowamlylygy: 109 minut

Ýurdy: ABŞ

Dili: Iňlisçe

Býujeti: 200 million $.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan “PlayStation” oýunlary
Supermeniň iti, Betmeniň tazysy, Wonder Women-iň kengrusy, Fleşiň pyşbagasy…
Tom Kruz köne başdan geçirmäni ýatlaýar
Gülgün reňkli Barbi
Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
Tom Kruz üçin ýerine ýetirip bolmajak missiýa ýok (Hepdäniň täze filmi)