Gülgün reňkli Barbi

Dünýä belli oýnawaç, “Barbi” gurjagy baradaky “Barbi” (Barbie) filmine Greta Gerwig režissýorlyk edýär.Ol filmiň ssenarisini Noa Baumbah bilen bilelikde ýazdy.Zenan režissýoryň bu filminde baş keşpleri Margo Robbi (Barbi) bilen Raýan Gosling (Ken) janlandyrýar. Şol sanda Keýt MakKinon, Maýkl Sera, Simu Liu, Will Ferrell, Emma Makki, Amerika Ferrera, Dua Lipa dagy beýleki keşpleri ýerine ýetirýär. 145 million dollar möçberinde çykdajy edilen filmiň prokatlardan ýygnany häzirlikçe 500 million dollara golaýlap barýar.

Film “Warner Bros.” kompaniýasynyň Londondaky hem-de Kaliforniýanyň kenarýakasynda ekranlaşdyryldy.Ilkinji 3 günde ABŞ we Kanadanyň kinoteatrlaryndaky görkezilişinden 162 million dollar toplan film ýylyň iň şowly başlan kinosy boldy. Şol bir wagtyň özünde zenan režissýorlaryň surata düşüren filmleriniň arasynda ilkinji 3 günde iň köp girdeji gazanan kino hökmünde hasaba alyndy.

Ady: “Barbi” (Barbie)

Režissýory: Greta Gerwig

Keşplerde: Margo Robbi, Raýan Gosling, Amerika Ferrera, Keýt MakKinnon, Maýkl Sera, Ariana Grinblatt, Simu Liu, Issa Rae, Rea Perlman, Will Ferrell, Emma Makki, Dua Lipa, Helen Mirren

Ssenariçi: Greta Gerwig, Noa Baumbah (“Mattel, Inc.” kompaniýasynyň “Barbie” oýnawaçlary esasynda)

Prodýuseri: Dewid Heýman, Margo Robbi, Tom Akerli, Robbi Brenner

Kompozitory: Mark Ronson, Andrýuw Wýatt

Öndüriji: “Heyday Films”, “LuckyChap Entertainment”, “NB/GG Pictures”, “Mattel Films”

Paýlaýjy: “Warner Bros. Pictures”

Dowamlylygy: 114 minut

Görnüşi: fantastik komediýa

Ýurdy: ABŞ

Dili: iňlisçe

Býujeti: 145 million $

Ýene degişli makalalar

Supermeniň iti, Betmeniň tazysy, Wonder Women-iň kengrusy, Fleşiň pyşbagasy…
Täze film
Täze film
Disney we Sony rus prokatyna deňeçer importyň ýoly bilen dolanmak isleýärler
Iki äpediň söweşi (Godzillanyň garşysyna Kong)
Baş keşpde Robert Pattinson bilen “Betmeniň” treýleri çykdy