Supermeniň iti, Betmeniň tazysy, Wonder Women-iň kengrusy, Fleşiň pyşbagasy…

Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu animasiýasyna Jeýred Stern režissýorlyk edýär.Bu onuň ikinji režissýorlyk işidir. “DC Comics” hem-de “Warner Bros.” kompaniýalarynyň bilelikdäki önümi bolan multfilmiň gahrymanlaryna Dweýn Jonson, Kewin Hart, Keýt MakKinnon, Jon Krasinski, Wanessa Baýer, Nataşa Lionne, Diego Luna, Tomas Middlditç, Ben Şarts, Keanu Riwes ýaly “Hollywood”-yň meşhur artistleri ses berýär. Şu gününden kinoteatrlarda görkezilip başlanan animasiýanyň ssenarisini Jon Wittington bilen režissýoryň özi bilelikde ýazdy.

Hereketli we komediýa görnüşli animasiýada “DC Comics”-iň meşhur super gahrymanlarynyň özleri däl-de, olaryň öý haýwanlarynyň başdan geçirmesi barada söhbet açylýar.Supermeniň ýakyn dosty Krypto atly iti super güýçleri bolan pişik bilen täze başlangyçlara gadam basýar.

Olara Betmeniň tazysy Eýs, Wonder Womeniň kengrusy Jumpa, Fleşiň pyşbagasy Watzit we beýleki haýwanlar goşulýar. Şondan soň täze başdan geçirme başlaýar…

Ady: “DC super öý haýwanlar topary” (DC League of Super-Pets)

Režissýory: Jeýred Stern

Ssenariçileri: Jeýred Stern, Jon Wittington (DC Comics-iň komiksleri esasynda)

Prodýuserleri: Patrişiýa Hiks, Dweýn Jonson, Deni Garsiýa, Hiram Garsiýa, Jeýred Stern

Ses berenler: Dweýn Jonson, Kewin Hart, Keýt MakKinnon, Jon Krasinski, Wanessa Baýer, Nataşa Lionne, Diego Luna, Tomas Middlditç, Ben Şarts, Keanu Riwes

Kompozitory: Stiv Ýablonski

Öndürijiler: “Warner Animation Group”, “DC Entertainment”, “Seven Bucks Productions”, “A Stern Talking To”

Paýlaýjy: “Warner Bros. Pictures”

Dowamlylygy: 100 minut

Görnüşi: animasiýa, komediýa

Býujeti: 90 million dollar

Ýurdy: ABŞ

Dili: iňlisçe

Ýene degişli makalalar

Täze film
Iki äpediň söweşi (Godzillanyň garşysyna Kong)
Ýylyň iň köp girdeji gazanan aktýorlary
Kino täzelikleri
LeBron Jeýms “LA Leýkersde”
“NBA All Star” şüweleňi