Kino täzelikleri

“Spawn” atly komiksler esasynda surata düşüriljek adybir filmde baş keşpleri oskarly Jeými Foks bilen Jeremi Renner janlandyrarlar. Täze filmde Foks Spawnyň, Renner bolsa, aňtawçy Williamsyň keşbini ýerine ýetirer. Todd MakFarleniň öz ssenarisi esasynda režissýorlyk etjek kinosy 2019-njy ýylyň 2-nji ýarymynda ekranlara çykarylar.

Golliwudyň tanymal aktýorlary Jeýson Stethem, Dweýn Jonson, Idris Elba hem-de aktrisa Wanessa Kirbi bilelikde täze filmde surata düşerler. Dewid Leitç tarapyndan ekranlaşdyryljak kinonyň ady häzirlikçe belli bolman, onuň surata alnyş işleri şu ýylyň ahyrynda ýola goýlar. Filmiň ssenarisini Kris Morgan ýazar.

Tanymal aktýor Lýuk Ewans “Midway” filminiň kastingine goşuldy. Meşhur režissýor Roland Emmerihiň režissýorlyk etjek kinosynda Wudi Harrelson bilen Mendi Mur hem esasy keşpleri ýerine ýetirerler. Wes Tukuň ssenarisi esasynda surata alynjak film 2-nji Jahan urşy ýyllarynda geçen wakalar barada bolar.

Owadan aktrisa Skarlett Ýohansson “Ghost In Shell” filminden soň, režissýor Rupert Sanders bilen ýene bir filmde bile işleşer. Žan Mari Gilliň durmuşy barada söhbet açýan film “Rub and Tug” diýlip atlandyrylýar. Indiki ýylyň dowamynda prokatlara ýaýradyljak kinonyň ssenarisini Gari Spinelli ýazar.

Oskarly aktrisalar Daýana Kiton bilen Keýt Winslet “Blackbird” atly dramada eneli-gyzyň keşplerini janlandyrarlar. Bu olaryň bilelikdäki ilkinji kinolary bolar. Sentýabr aýynda Angliýada surata düşürilip başlanjak filme Rojer Miçell režissýorlyk eder.

Ýene degişli makalalar

“Forsaž” filmleri 11-nji kinodan soň tamamlanar
Awstraliýanyň Katar 2022-däki düzümi belli boldy
Golliwudyň aktýorlarynyň atlaryny dogry ýazmaga çagyrdylar
Sportuň taryhynda bu hepde
De Bruýne, Hazar, Lukaku, Kurtua Belgiýanyň düzümi mälim edildi
Supermeniň iti, Betmeniň tazysy, Wonder Women-iň kengrusy, Fleşiň pyşbagasy…