Ýylyň garaşylýan animasiýalary

Ýylyň garaşylýan animasiýalary

2026-njy ýylda hem edil beýleki ýyllarda bolşy ýaly, täze-täze animasiýalar öz muşdaklaryna garaşýar. Bu ugruň öňdebaryjysy bolan Pixar-yň 2 animasiýasy ekranlara çykar. Adatça ýylda bir animasiýany prokata goýberýän şereketiň Hoppers hem-de Oýnawaçlaryň hekaýasy (Toy Story) seriýasynyň bäşinji multfilmi hem kinoteatrlarda görkeziler.

Hoppers

Animasiýalaryň hatarynda şu ýylyň dowamynda bu ugruň öňdebaryjysy Pixar-yň 2 multfilmi peýda bolar. Olaryň ilkinjisi Hoppers bolup, Daniel Çonuň surata düşüren multfilminiň gahrymanlaryna Paýper Kurda, Bobbi Moýnihan, Meril Strip, Jon Hamm, Deýw Franko dagy ses berýärler. Bu ekran eseri 6-njy martda kinoteatrlara çykar.

The Super Mario Galaxy Movie

Öz wagtynda tutuş dünýäde uly meşhurlyk gazanan Nintendo kompaniýasynyň Super Mario wideo oýnunyň animasiýa görnüşdäki 2-nji ekran eseri 3-nji aprelde kinoteatrlarda görkezilip başlanar. Universal studiýasynyň önümi bolan bu animasiýa hem Aaron Horwat bilen Maýkl Helenik režissýorlyk edýär. Animasiýanyň gahrymanlaryna Kris Pratt, Anýa Teýlor-Joý, Çarli Deý, Jäk Bläk ýaly meşhur artistler ses berýärler.

Animal Farm

Belli ýazyjy Jorj Orwelliň tutuş dünýäde uly gyzyklanma bilen okalýan eseri Haýwan fermasy animasiýa görnüşde ekranlara çykar. Andi Serkisiň režissýorlygyndaky multfilm 1-nji maýda kinoteatrlara goýberiler. Animasiýanyň gahrymanlaryna Set Rojen, Kiran Kalkin, Wudi Harrelson, Glenn Klouz ýaly ussatlar ses berýär.

Toy Story 5

Ýylyň iň esasy garaşylýan animasiýasy bolan Oýnawaçlaryň hekaýasy 5 19-njy iýunda kinoteatrlara ýaýradylar. Animasiýa önümçiliginiň öňbaşçysy bolan Pixar studiýasynyň täze ekran eserine Andrýuw Stanton režissýorlyk edip, animasiýanyň gahrymanlaryna ýene-de Tom Hänks, Tim Allen, Joan Kusak ýaly artistler ses berýärler.

Minions 3

Ýylyň ýene bir garaşylýan animasiýalarynyň biri-de Minionlar 3 multfilmi bolup, gyzykly başdan geçirme galan ýerinden dowam edýär. Universal studiýasynyň ekran eserine Pierr Koffin režissýorlyk edip, ol 1-nji iýuldan başlap kinoteatrlara goýberiler.

Angry Birds Movie 3

Fin kompaniýasyna degişli meşhur telefon oýny Angry Birds esasynda 3-nji ekran eseri hem peýda bolar. Ýylyň ahyrky günlerinde ekranlara çykjak animasiýa Jon Raýs režissýorlyk eder. Paramount studiýasynyň önümçiligindäki multfilmiň gahrymanlaryna ýene-de Jeýson Sudeikis, Joş Gad, Raçel Blum, Danni MakBraýd, Antoni Padilla dagy ses berip, olaryň hataryna Emma Maýers, Wolker Skobell, Lili Jeýms, Keke Palmer goşular.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Çapyksuwar zenan barada täze film
ÝUNESKO-nyň sanawyna täze ýerler girizildi
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň arasynda Özbegistanda gepleşikler geçiriler, Kononenko orbitada bolan wagty boýunça rekord goýup biler, Aşgabatda Eýranyň harytlarynyň sergisi geçiriler
"Altyn globus" film baýraklarynyň dalaşgärleri yglan edildi