Ýylyň garaşylýan filmleri

Her ýyl bolşy ýaly, bu ýylda hem ýüzlerçe, hatda tutuş senagaty göz öňünde tutanyňda, müňlerçe film öndüriler we halk köpçüliginiň dykgatyna ýetiriler.Dünýäde her ýyl ortaça 810 müň aralygynda film önümçiligi bolup, olaryň käbirleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şol filmleriň arasynda, esasan hem, Golliwudyň önümleri öňe saýlanyp, hindi, fransuz, koreý, ýapon, ispan filmleriniň hem özüne ýeterlik muşdagy bar.

Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolarynyň hatarynda hyýaly gahrymanlaryň täze başdangeçirmeleri, uruşly, hereketli filmler, komediýadyr dramalar, fantastik kinolar, animasiýalar, edebi eserler esasynda ekranlaşdyrylanlar, ozalky kinolaryň dowamy bolan filmler bar.

MARVEL HEM-DE DC STUDIOS-yň TÄZE KINOLARY

Soňky 1-2 ýylyň dowamynda ozalkylar ýaly önümleri bolmadyk Marvel-iň täze kinolarynyň ilkinjisi Ant-Man and the Wasp: Quantumania filmidir.Peýton Ridiň surata düşüren kinosy 17-nji fewralda ekranlara çykar.

Filmde Pol Rudd, Ewanjelina Lili esasy keşpleri janlandyrýar.Marvel-iň ýene bir filmi Guardians of the Galaxy Vol. 3 (Galaktikanyň goragçylary 3) bolup, bu olaryň özara soňky başdangeçirmesi bolar.

Jeýms Gannyň režissýorlyk edýän kinosy 5-nji maýda ekranlara çykar.Marvel-iň 3-nji kinosy studiýanyň adyny göterýän The Marvels bolup, zenan režissýor Nia DaKostanyň režissýorlygyndaky filmde Kapitan Marwel hem-de ilkinji gezek ekranlara çykýan Ms.

Marweliň täze başdangeçirmeleri dogrusynda gürrüň berilýär.Marvel studiýasy 2023-nji ýyly 5-nji tapgyryň 3 filmi bilen tamamlar.Galan 3 film geljek ýyl görkeziler.

Marvel-iň esasy bäsdeşi DC Studios-yň bu ýyl 4 kinosy peýda bolar.Olaryň ilkinjisi 17-nji martda ekranlara çykjak Shazam!Fury of the Gods kinosydyr. The Flash studiýanyň şu ýyldaky 2-nji kinosy bolup, ol 16-njy iýunda kinoteatrlarda görkezilip başlanar.

Endi Muskiettiniň režissýorlyk edýän kinosynda baş keşbi Ezra Miller ýerine ýetirýär.DC Studios-yň 3-nji kinosy Blue Beetle bolar.Studiýanyň täze gahrymanlaryny özünde jemleýän kino awgust aýynda ekranlara çykar. Aquaman and the Lost Kingdom atly filmi bilen ýyly jemlejek studiýanyň bu filmine Jeýms Wan režissýorlyk edýär.

Dekabr aýynyň 25-ine ekranlara çykaryljak filmde ýene-de baş keşpleri Jeýson Momoa, Ember Hörd, Willem Dafo dagy ýerine ýetirýär.

TÄZE FILMLER

Kino sungatynyň eý görülýän režissýorlaryndan Kristofer Nolanyň täze filmi ýylyň garaşylýan esasy kinolarynyň biridir. Meşhur fizik J. Robert Oppenhaýmeriň durmuşy baradaky Oppenheimer filmi 21-nji iýulda köpçülige ýetiriler. 100 million dollarlyk býujeti bolan kinoda Sillian Mörfi, Emili Blant, Mett Damon, Robert Dawni Junior, Florens Pýu, Rami Malek ýaly meşhur artistler dürli keşpleri janlandyrýar.

Ýylyň bir garaşylýan esasy filmleriniň ýene biri-de dünýä belli oýnawaç bolan Barbi gurjagy baradaky Barbie kinosydyr.Noý Baumbahyň ssenarisini ýazan filmini zenan režissýor Greta Gerwig ekranlaşdyrýar.

Filmde baş keşbi Margo Robbi janlandyrsa, oňa Raýan Gosling, Will Ferrell, Keýt MakKinnon, Emma Makki dagy ýoldaşlyk edýär. 100 million dollarlyk býujeti bolan kino 21-nji iýulda ekranlarda peýda bolar.

Belli režissýor Neil Blomkampyň awtobiografik görnüşli täze kinosy Gran Turismo bolup, awgust aýynda kinoteatrlara ýaýradyljak filmde Arki Madekwe, Orlando Blum, Jimon Honsu ýaly artistler surata düşýär.

Režissýor Jeil Nordanyň nobatdaky kinosy Marlowe bolup, 3-nji fewraldan ekranlara çykjak filmde Liam Nison, Daýana Kruger, Jessika Lange ýaly belli artistler çykyş edýär.

Florens Pýu bilen Morgan Frimanyň bilelikde surata düşen A Good Person filmini hem sanawa goşmak bolar. Filme Zek Braff režissýorlyk edip, onda maşgala durmuşy barada söhbet açylýar.

Özboluşly filmleriň režissýory Wes Andersonyň nobatdaky eseri Asteroid City filminde-de Golliwudyň 20-ä golaý meşhur artistleri dürli keşpleri janlandyrýar.

ÖŇKI FILMLERIŇ DOWAMY

Ulaglaryň ýokary derejedäki sesi hem-de tizligi bilen belli bolan Forsaž filmleriniň onunjysy Fast X ýene-de hereketli kinolary halaýanlaryň hem-de bu serianyň muşdaklarynyň iň sabyrsyzlyk bilen garaşýan filmidir.

Win Dizel we Jeýson Stethama täze filmde Mişell Rodriges, Jeýson Momoa, Bri Larson, Taýris Gibson, Skott Istwud, Şarliz Teron, Natalie Emmanuel, Jon Sena ýaly ýyldyzlar ýene-de ýoldaşlyk edýärler.

Jastin Liniň bu gezek ssenarisini ýazan filminiň býujetiniň 300 million dollardan ýokarydygy bellenilýär.Luis Letermieriň režissýorlyk edýän kinosy 19-njy maýda kinoteatrlardaky ornuny alar.

Özboluşly başdangeçirmeleriň ussady Indiana Jons 15 ýyldan soň ekranlara dolanyp, Jeýms Mangoldyň režissýorlyk edýän Indiana Jones and the Dial of Destiny atly kinosynda ýene-de baş keşbi Harrison Ford janlandyrar. Film 30-njy iýunda ekranlara çykar.

Meşhur aktýor Tom Kruzuň howply sahnalaryny-da aglaba özüniň janlandyrýan filmi Ýerine ýetirip bolmajak missiýa filmleriniň 7-njisi Mission: Impossible Dead Reckoning Part One hem ýylyň garaşylýan ekran eserleriniň biridir. Öňki filmlerde bolşy ýaly, režissýor Kristof MakKuarriniň surata düşürýän kinosy 14-nji iýuldan başlap kinoteatrlara ýaýradylar.

Gowy robotlaryň ýaramaz robotlara garşy göreşi barada gürrüň berýän Transformerler kinolar toplumynyň 7-nji filmi Transformers: Rise of the Beasts režissýor Maýkl Beýiň ýolbaşçylygynda ýene-de ekranlarda peýda bolar. 9-njy iýunda ekranlara çykjak filmde Optimus Praýmyň täze dostlary bar.

Keanu Riwesiň nobatdaky, has takygy, 4-nji sapar Jon Wikiň keşbinde tomaşa etjek kinomyz John Wick: Chapter 4 diýlip atlandyrylýar. Bu filmde ine-gana dynç almaga pursat tapyp bilmeýän Jon Wik ýene-de täze duşmanlaryň garşysyna aldym-berdimli göreş alyp barýar.

Ençeme baýrak gazanan 1-nji filmden soň 2-njisi hem ekranlaşdyrylýan Dýuna kinosynyň täze bölümi Dune: Part Two noýabr aýynyň başlaryna ekranlara çykar. Deni Willnýowyň režissýorlygyndaky kinoda meşhur artistler surata düşýär.

Açlyk oýunlary ady bilen 2012-2015-nji ýyllarda halk köpçüligine ýetirilen filmiň täze nusgasy The Hunger Games: The Ballad of Songbirds and Snakes 17-nji noýabrda kinoteatrlara ýaýradylar. Filme ýene-de Fransis Lawrens režissýorlyk edýär.

Ozalky filmleriň dowamy bolan ýene bir kino hem Sazlaýjy filmi bolup, režissýor Antuan Fukua bilen ussat aktýor Denzel Waşington 3-nji gezek täze meseleleri çözmegiň usulyny tapýar. The Equalizer 3 atly bu film sentýabr aýynyň ilkinji gününden görkezilip başlanar.

Öňki 3 filmi bilen muşdaklaryň uly söýgüsini gazanan Ýumrujylar filmleriniň 4-njisi The Expendables 4 hem sentýabrda kinoteatrlaryň maksatnamasynda bar bolup, Jeýson Stetham, 50 Cent, Toni Ja, Rendi Kutur, Dolf Lundgren hem-de Silwester Stallone dagy ýene-de jemlenerler.

ANIMASIÝALAR

Her ýylda bolşy ýaly, bu ýylky sanawda animasiýadyr multfilmler hem bolup, olaryň iň esasysy Pixar-yň Elemental atly ekran eseridir. 16-njy iýunda kinoteatrlara ýaýradyljak multfilmde 4 esasy elementiň özara başdangeçirmesi barada söhbet açylýar.

Multfilm diýlende ilkinji bolup ýadyňa düşýän Walt Disney studiýasynyň Wish atly önümi-de ýylyň sabyrsyzlyk bilen garaşylýan animasiýalarynyň biridir.

Sony bilen Marvel-iň bilelikdäki önümi bolan Spider-Man: Across the Spider-Verse animasiýasynyň hem edil 1-nji multfilm ýaly bilermenlerdenem, muşdaklardanam ýokary baha almagyna garaşylýar. Multfilm 2-nji iýundan başlap, tutuş dünýäde kinoteatrlarda görkeziler.

Meşhur oýun Super Mario hem ilkinji gezek ekranlarda peýda bolup, aprel aýynyň birinji hepdesinde ekranlara çykjak The Super Mario Bros. Movie animasiýasyna Aaron Horwat bilen Mihael Ýeleniç režissýorlyk edýär.

Ýokarda ady agzalanlardan başga-da, 65, Scream VI, Creed III, Winnie-the-Pooh: Blood and Honey, Magic Mike’s Last Dance, Knock at the Cabin, Infinity Pool, The Little Mermaid, Teenage Mutant Ninja Turtles: Mutant Mayhem, Challengers, A Haunting in Venice, Next Goal Wins, Kraven the Hunter, True Love, Wonka, The Color Purple ýaly kinolar ekranlara çykar.

Galyberse-de, Netflix, Amazon, Disney+, Apple+ ýaly streaming wideo platformalary-da özleriniň täze ýüzlerçe filmini öz müşderilerine ýetirerler.

ŞAH RUH HANYŇ 3 FILMI EKRANLARA ÇYKAR

Şeýle-de, Şah Ruh Han, Dipika Padukone, Jon Abraham dagynyň surata düşen Pathaan, Salman Han bilen Katrina Kaifiň baş keşplerde surata düşen Tiger 3, Şah Ruh Hanyň baş keşpde çykyş edýän Dunki, meşhur režissýor Ali Abbas Zafaryň surata düşürýän we Akşaý Kumaryň esasy keşbi janlandyrýan Bade Miyan Chote Miyan, ýene-de Şah Ruh Hanyň baş keşpde surata düşýän Jawan ýaly kinolar ýylyň esasy hindi filmleri hasaplanýar.

Žiýom Kane, Wensan Kassel, Marion Kotiýýar, Žil Leluş ýaly fransuz kino sungatynyň ägirtlerini özünde jemleýän meşhur Asteriks bilen Obeliksiň täze başdangeçirmeleri bolan Asterix & Obelix: The Middle Kingdom filmi, şol sanda, meşhur režissýor Luk Bessonyň hem DogMan atly kinosy şu ýylyň dowamynda ekranlara çykarylar.

Ýene degişli makalalar

Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Hepdäniň täze animasiýalary
Ýylyň iň köp girdeji gazanan 10 filmi
Aşgabatda Tatarystanyň Medeniýet günleri açyldy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýa sapar bilen ugrady, Merw - Altyn asyr duşuşygynyň petekleri satuwa çykaryldy we beýleki habarlar
Ýylyň ilkinji “milliarder” filmi
Marvel täze filmlerini anons etdi