Ýylyň ilkinji “milliarder” filmi

Meşhur aktýor Tom Kruzuň baş keşpde surata düşen “Top Gan: Mawerik” (Top Gun: Maverick) filminiň prokatlardan gazanan girdejisi 1 milliard dollardan geçdi.Ady agzalan ekran eseri ýylyň 1 milliard dollara ýeten ilkinji kinosy boldy 1 milliard 6 million dollar. 1986-njy ýylda görkezilen “Top Gan” filminiň dowamy bolan ekran eseriniň şol gazanan girdejisiniň 521,7 million dollaryny Demirgazyk Amerikadaky kinoteatrlardan ýygnady. “Top Gan: Mawerik” filmi pandemiýa döwründen bäri girdejisini 1 milliard dollardan geçiren 2-nji film bolup, ondan öňde “Möý adam: öýe ýol ýok” (Spider-Man: No Way Home) kinosy bu görkezijä ýetipdi.

Filmiň häzirki wagtda toplany 1 milliard 900 million dollardan geçdi. Şeýle-de, “Top Gan: Mawerik” filmi 1 milliard dollarlyk girdeji gazanan 49-njy kino hökmünde hasaba alyndy.Tom Kruz bilen bilelikde, Jennifer Konnelli, Maýlz Teller, Glen Powell, Wal Kilmer ýaly artistleriň surata düşen filmi 27-nji maýda ekranlara çykypdy.

“Marvel”-iň önümi bolan “Doktor Streýnj telbelik multiwersinde” (Doctor Strange in the Multiverse of Madness) filmi-de 1 milliard dollara golaýlap barýar. 6-njy maýdan bäri kinoteatrlarda görkezilip gelinýän kinonyň şu wagta çenli prokatlardan ýygnany 947 million dollara deň boldy. Onuň arzyly sepgide ýetip-ýetmejegini bolsa wagt görkezer.

Ýene degişli makalalar

Spilberg iň gowy režissýor, kinosy-da iň gowy film diýlip saýlandy
Tom Kruz köne başdan geçirmäni ýatlaýar
Aşgabatda Tatarystanyň Medeniýet günleri açyldy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýa sapar bilen ugrady, Merw - Altyn asyr duşuşygynyň petekleri satuwa çykaryldy we beýleki habarlar
Ýylyň iň köp girdeji gazanan 10 filmi
Hepdäniň täze animasiýalary
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary