Tom Kruz köne başdan geçirmäni ýatlaýar

Mundan 36 ýyl ozal ekranlara çykan “Top Gan” filminiň dowamy bolan “Top Gan: Mawerik” filminde ýene-de baş keşbi “Tom Kruz janlandyrýar.Filme “Tron: Mirasdüşer”, “Obliwion” ýaly kinolary surata düşüren Ýosef Kosinski režissýorlyk edýär.

Ekranlarda görkeziljek wagty pandemiýa sebäpli iki ýyl süýşürilen filmde Tom Kruzdan başga-da Maýlz Teller, Jennifer Konnelli, Jon Hamm, Glen Powell, Lýuwis Pullman, Ed Harris, Wal Kilmer, Monika Barbaro ýaly artistler dürli keşpleri ýerine ýetirýärler. 170 million dollara ABŞ-nyň dürli şäherlerinde surata düşürilen kinonyň ssenarisini Eren Kruger, Erik Warren Singer, Kristofer MakKuarri bilelikde ýazdy.

Film ilkinji 3 günde ABŞ-da 151 million dollarlyk kassa ýygymyny toplady.Bu bolsa ussat aktýor Tom Kruzuň karýerasyndaky iň girdejili başlangyç eden kinosy hökmünde hasaba alyndy.Film häzirki wagta çenli tutuş dünýäde 320 million dollardan köp girdeji gazandy we onuň 1 milliard dollara golaý girdeji gazanmagyna garaşylýar.

Harby toparyň iň ökde pilotlaryndan diýlip görkezilýän Pit Maweriks Mitçell 30 ýyllyk bitiren hyzmatlaryndan soň, bu gezek synag piloty hökmünde iş alyp barýar.Ol “Top Gan” uçurymlaryna tälim-türgenleşik geçip başlaýar.

Ol näbelli gelejek bilen geçmişindäki ýatlamalaryň arasynda galyp, howatyrlanýan zady bilen ýüzbe-ýüz galýar. Şonda ol käbir eý görýän zatlaryndan geçip, täze tabşyrygy kabul etmeli bolýar…

Ady: “Top Gan: Mawerik” (Top Gun: Maverick)

Režissýory: Ýosef Kosinski

Keşplerde: Tom Kruz, Maýlz Teller, Jennifer Konnelli, Jon Hamm, Glen Powell, Lýuwis Pullman, Ed Harris, Wal Kilmer, Monika Barbaro

Ssenariçi: Eren Kruger, Erik Warren Singer, Kristofer MakKuarri

Prodýuserleri: Jerri Brukhaýmer, Tom Kruz, Kristofer MakKuarri, Dewid Ellison

Kompozitorlary: Harold Faltermeýer, Leýdi Gaga, Hans Zimmer, Lorne Balfe

Öndüriji: “Skydance Media”, “Don Simpson/Jerry Bruckheimer Films”

Paýlaýjy: “Paramount Pictures”

Dowamlylygy: 131 minut

Görnüşi: uruşly, drama

Ýurdy: ABŞ

Dili: iňlisçe

Býujeti: 170 million $

Ýene degişli makalalar

Ýylyň ilkinji “milliarder” filmi
Spilberg iň gowy režissýor, kinosy-da iň gowy film diýlip saýlandy
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Utuşly lotereýa petegi eýesiniň torbasynda bir aýlap ýatdy
ABŞ-nyň Prezidenti Polşa döwletine sapar gurar
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherindäki welaýat häkimliginiň binasyna raketaly hüjüm gurady