Tom Kruz üçin ýerine ýetirip bolmajak missiýa ýok (Hepdäniň täze filmi)

Ilkinjisi 1996-njy ýylda ekranlara çykan “Ýerine ýetirip bolmajak missiýa” filmleriniň 7-njisi tutuş dünýäde kinoteatrlara ýaýradyldy.Sahnalary dublýorsyz ýerine ýetirýändigi bilen meşhurlyga eýe bolan ussat aktýor Tom Kruzuň baş keşpde çykyş edýän “Ýerine ýetirip bolmajak missiýa 7” kinosyny 5-nji filmden başlap, kameranyň arkasyna geçen Kristofer MakKuarri surata düşürdi.

Film Dubaýda, Abu-Dabide, Rimde, Wenesiýada ekranlaşdyrylyp, Itan Hant täze wakalary başdan geçirýär. 291 million dollar býujetli filmde Tom Kruzdan başga-da Haýli Atwell, Saýmon Pegg, Rebekka Ferguson, Wanessa Kirbi ýaly tanymal artistler dürli keşpleri ýerine ýetirdi.

Filmiň dowamy-da “Ýerine ýetirip bolmajak missiýa: ölümli hasaplaşyk ikinji bölüm” ady bilen 2025-nji ýylda ekranlara çykar.

Ady: “Ýerine ýetirip bolmajak missiýa: ölümli hasaplaşyk birinji bölüm” (Mission: Impossible Dead Reckoning Part One)

Režissýory: Kristofer MakKuarri

Keşplerde: Tom Kruz, Haýli Atwell, Wing Rames, Saýmon Pegg, Rebekka Ferguson, Wanessa Kirbi, Henri Çerni

Ssenariçi: Kristofer MakKuarri, Erik Jendresen (Brýus Gelleriň Mission: Impossible atly eseri esasynda)

Prodýuseri: Tom Kruz, Kristofer MakKuarri

Kompozitory: Lorne Balfe

Öndüriji: “Skydance”, “TC Productions”

Paýlaýjy: “Paramount Pictures”

Dowamlylygy: 163 minut

Görnüşi: uruşly

Ýurdy: ABŞ

Dili: iňlisçe

Býujeti: 291 million $

Ýene degişli makalalar

Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
Hepdäniň täze animasiýalary
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Tom Kruz köne başdan geçirmäni ýatlaýar
Kim, haçan oýlap tapdy? Çap ediji enjam