Marvel täze filmlerini anons etdi

Marvel täze filmlerini anons etdi

“Marvel” internet ulgamynda 2021-nji ýylda täze çykarjak birnäçe filmi hakynda wideo ýerleşdirdi. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Ýakynda "Marvel"-iň indi çykjak filmlerinden pursatlary öz içine alýan üç minutlyk wideony paýlaşandygy belli boldy.Mysal üçin, wideoda Ölmez-ýitmezler ("Eternals") filminiň ilkinji kadrlary görkezildi.Mundan başga-da, indi muşdaklar bu wideonyň kömegi bilen Gara pantera: baky Wakanda ("Black Panther: Wakanda Forever") filminiň dowamynyň adynyň näme boljakdygyny öwrendiler.

Mundan başga-da, şu aşakdaky premýeralaryň senesi anyklaşdyryldy: Gara dul (Black Widow) - 2021-nji ýylyň 7-nji iýuly; "Şang-Çi we on ýüzügiň rowaýaty" (Shang-Chi and the Legend of the Ten Rings) - 1-nji sentýabry; “Ölmez-ýitmezler” ("Eternals") - 28-nji oktýabr; "Möý adam: Öýe ýol ýok" ("Spider-Man: No Way Home") - 16-njy dekabry. “Marvel” häzirki wagtda iň meşhur film studiýalarynyň biri bolup durýar.

Onuň super gahrymanly filmleri komiksleriň we fantastikanyň muşdaklarynyň arasynda uly seslenme tapýar.Supergahrymanlar äleminde eýýäm köp filmiň çykandygyna garamazdan, studiýa bir ýerde durmak islemeýär. Şeýlelikde, ol özüniň dürli taslamalary yglan etmegini dowam etdirýär.

Ýene degişli makalalar

“Marvel” 2021-nji ýylda ekranlara çykarjak filmdir seriallaryny mälim etdi
“Call of Duty” bassyr 12-nji gezek ABŞ-da ýylyň iň köp satylan oýun franşizasy boldy
Ýylyň iň köp girdeji gazanan 10 filmi
Ýylyň ilkinji “milliarder” filmi
Ýylyň garaşylýan filmleri
Aşgabatda Tatarystanyň Medeniýet günleri açyldy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýa sapar bilen ugrady, Merw - Altyn asyr duşuşygynyň petekleri satuwa çykaryldy we beýleki habarlar