Ýylyň iň köp girdeji gazanan 10 filmi

Ýylyň deň ýarysyndan gowragy tamamlanyp, ilkinji 6 aýynda görkezilen filmlere seredenimizde, iň köp girdeji gazanan ekran eseri “Doganlar Super Mario filmi” (The Super Mario Bros. Movie) atly animasiýa boldy. “Nintendo”-nyň meşhur wideo oýny esasynda ekranlaşdyrylan multfilmiň býujeti 100 million dollar bolup, ol 1 milliard 34

3 million dollarlyk kassa ýygymyny toplady.Başgaça aýdylanda, bu ekran eseri ýylyň, häzirlikçe, girdejisini 1 milliard dollardan geçiren ýeke-täk kinosy boldy.Ol “Şa ýolbars” (The Lion King) hem-de “Doňaklyk 2” (Frozen II) multfilmlerinden soň, ähli döwürleriň iň girdejili 3-nji animasiýasy hökmünde hasaba alyndy. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagta çenli 11 animasiýanyň kinoteatrlardan toplany 1 milliard dollardan geçdi. “Doganlar Super Mario filmi” animasiýasynyň häzirki wagtda-da görkezilýän ýerleri bolup, ol girdejisini artdyrmagyny dowam edýär.

Ýylyň iň köp girdeji 2-nji ekran eseri “Galaktikanyň goragçylary 3” (Guardians of the Galaxy Vol. 3) filmi bolup, kinoteatrlarda görkezilmegini dowam edýän kino 2 aýdan gowrak wagtda 842 million dollara golaý kassa ýygymyny jemledi.

Bu ugurda 3-nji orny “Forsaž 10” (Fast X) filmi eýeleýär. 340 million dollar çykdajy edilip, dünýäniň iň gymmat kinolarynyň hatarynda görkezilýän ekran eseriniň toplany 722 million dollara deňdir.

Özboluşlylygy bilen tapawutlanýan “Möý adam: möý älemine geçiş” (Spider-Man: Across the Spider-Verse) animasiýasy 643 million dollara golaý girdejisi bilen sanawda 4-nji orunda barýar. 5-nji basgançakda “Disney”-iň animasiýalary janly filme öwürmek maksatnamasynyň çäginde ekranlaşdyrylan “Kiçi suw perisi” (The Little Mermaid) kinosy bolup, ol ekran eseri ýarym milliard dollardan köp kassa ýygymyna eýelik edýär (542 million dollar). “Marvel”-iň, şol sanda Disney-iň başga bir ekran eseri “Garynja adam we ary: Kwantomaniýa” (Ant-Man and the Wasp: Quantumania) filminiň gazanjy ýarym milliard dollara golaýlap barýar we ol sanawda 6-njy ýeri eýeleýär. 7-nji ýerdäki filmiň ady “Jon Wik 4” (John Wick: Chapter 4) filmi bolup, uruşly film häzire çenli 432 million dollardan gowrak girdeji toplamagy başardy.

Gazanjyny 400 million dollardan (408 million dollar) geçiren ýene bir film “Transformerler: nägehanlaryň ýokary galmagy” (Transformers: Rise of the Beasts) 8-nji basgançakdan orun aldy.

Garaşylyşyndan juda pes netije görkezen “Fleş” (The Flash) filmi hem-de “Elementler” (Elemental) animasiýasy-da degişlilikde, 262 we 252 million dollarlyk girdejileri bilen ilkinji onulygy jemleýärler.

Ýokarda ady agzalan filmleriň ählisi-de “Hollywood”-yň, ýagny ABŞ-nyň önümleri bolup, tutuş dünýäni hasaba alanymyzda, ilkinji onluga Hytaý filmleriniň 3-si goşulýar.Meşhur režissýor Çžen Imounyň täze filmi “Durşuna gyzyl derýa” (Full River Red) atly kinosy 673 million dollar toplady.

Film umumy sanawda 4-nji orny eýeleýär. “Elek-çelek Ýer 2” (The Wandering Earth 2) atly ylmy-fantastik film hem 604,4 million dollarlyk girdeji gazandy.Geçen aýyň 22-sine kinoteatrlarda görkezilip başlanan “Ýyldyzlaryň içinde ýitmek” (Lost in the Stars) filmi-de 457 million dollara golaýlap barýan gazanjy bilen ilkinji onluga girmegi başardy.

Bu ekran eseri Alekseý Korenewiň 1990-njy ýylda fransuz ýazyjysy Robert Tomasyň “Ýalňyz adam üçin duzak” (Piege Pour un Homme Seul) atly eserine salgylanyp, surata düşüren ekran eseri esasynda taýýarlandy.

Ýene degişli makalalar

Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri
“Marvel” 2021-nji ýylda ekranlara çykarjak filmdir seriallaryny mälim etdi
“Call of Duty” bassyr 12-nji gezek ABŞ-da ýylyň iň köp satylan oýun franşizasy boldy
Marvel täze filmlerini anons etdi
Ýylyň ilkinji “milliarder” filmi